Indi köp asyrlardan bäri dünýä medeniýetiniň ajaýyp bölegine öwrülen Türkmenistanyň ýadygärlikleri dünýä halklarynyň nazaryny özüne çekip gelýär. Çünki gadymy türkmen topragy köp asyrlyk taryhyň hem-de beýik geçmişiň mekany hökmünde tanalýar.
Diýarymyzyň genji-hazynasyna öwrülen taryhy ýadygärlikleri dikeltmäge, rejelemäge we öwrenmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ata Watanymyz taryhy medeni ýadygärliklere baý bolmak bilen, döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasaty barha rowaçlanýar. Türkmenistanda döwlet hasabynda taryhy we medeni desgalaryň 1,5 müňe golaýy bolup, olaryň aglabasy arhelogik ýadygärliklerdir.
Heňňamlaryň hem asyrlaryň syrly taryhyny özünde jemläp oturan Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ajaýyp ýadygärlikleri bar. «Köne Nusaý», «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Dehistan», «Gadymy Sarahs», «Abiwerd», «Gökdepe galasy» döwlet taryhy-medeni goraghanalary özboluşly arhitektura gurluşyna we köp asyrlyk geçmişine baglylykda haýran galdyryjy muzeýlerdir. Geşmişiň ýaňyny, beýik türkmen şahsyýetleriniň şöhratyny, türkmen halkynyň nä derejede beýik halk bolandygyny äşgär edýän bu ajaýyp hem özboluşly künjekleriň ady rowaýata öwrülip gelýär. Ýeri gelende bellesek, Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň gaýtalanmajak ýadygärlikleri bolsa ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda görnükli orny eýeledi.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde Diýarymyzda medeni gymmatlyklary, maddy mirasymyzy gorap saklamaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Onuň hukuk resminalar toplumynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolsa kanuny taýdan goralýan döwletiň medeni gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar. Şular dogrusynda bellenilende «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda» we beýleki hukuk namalary, Halkara hukugunyň umumy ykrar edilen kadalary bellenilmäge mynasypdyr.
Häzirki wagtda hem «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda köp sanly taryhy ýadygärlikleri dikeltmek we öwrenmek işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýagny gazuw-agtaryş, meýdan ylmy-barlag işlerini geçirmek, arheologik tapyndylary öwrenmek, ekspedisiýalary geçirmek we beýleki göz öňünde tutulan toplumlaýyn wezipeler, ylmy amaly maslahatlar degişli maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Muňa dünýäniň alymlary bilen türkmen ylmy jegyýetçiliginiň wekilleri, ýaş hünärmenler hem işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň gadymyýetine degişli bolan gymmatlyklary ylmy-barlaglar esasynda doly derejede öwrenmek, rejelemek we gorap saklamak bu ugurda zähmet çekýän ähli hünärmenleriň, hususan-da ýokary bilimli ýaşlaryň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem mähriban Watanymyzyň mukaddes topragynyň ähli baýlykklaryny öwrenmäge, goramaga hem-de hünär ussatlygy bilen rejelemäge, geljege geçirmäge we dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredilýär.
Biz — şu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlaýan bilim işgärleri, hususan-da şu ugurda ylmy işleri alyp barýan bilim işgäri hökmünde hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýarys. Ýaş alymlara hem-de öz taryhyna çuňňur sarpa goýup, türkmen nesline ylym äleminde giň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyza alkyşlar bolsun!
Aýbölek REPBIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.