HabarlarŽurnalistiň sahypasy

Halkaraçy žurnalistler üçin okuwlar geçirildi

14-10-2022 / 12

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 11-nji oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda «Žurnalistleriň we kommunikasiýa boýunça hünärmenleriň bilimini döwrebaplaşdyrmaga ýardam» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň syýasy kommunikasiýa we žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin dört günlük onlaýn-okuwlar geçirdi.

Döwrüň taryhy ilki bilen metbugatda ýazylýar. Şol sebäpli-de, žurnalistika – döwrüň aýnasy hasaplanylýar. Žurnalistikada ýeňil ýol-da, aňsat iş-de ýok. Bu hünäre baş goşduňmy, islendik ýumuş tabşyrylanda-da: «Men bu işi başararmykam?» diýip çekinip durmagyň ýerine zehiniňi zähmet bilen taplamaly. Bu babatda halypalaryň maslahatlary, döredijilik duşuşyklary, okuw sapaklary oňyn täsir edýär.

Halkaraçy žurnalistleriň hünärine kämil derejede özleşdirmekleri üçin guralan onlaýn okuwa Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplaryndan başga-da Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.

Halkara bilermenleri, Russiýa Federasiýasyndan professorlar D. Gawra we I. Bykow syýasy žurnalistikasy işiniň inçe tilsimlerini beýan edip, umumy we maslahat-sapaklar geçýärler. «Döwlet häkimiýeti edaralarynyň işinde web-saýtlar we sosial ulgamlar», «Döwlet häkimiýeti edaralarynyň žurnalistler we jemgyýetçilik bilen özara hereketiniň tejribesi», «Informasiýa psihologik amallar» we beýleki temalardan umumy sapaklar talyplar üçin has gyzykly boldy.

Ilkinji sapaklar geljekki žurnalistlerde uly gyzyklanma döretdi, muňa olaryň sapaklara işjeň gatnaşmagy we abraýly mugallymlara beren köp sanly sowallary-da şaýatlyk edýär.

Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu