Şu gün — 14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iri halkara çärelere gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna gitdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji sapary mynasybetli Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň ýokary derejeli duşuşyklaryň ikisine ― GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.