Siziň üçin...Slider

Taryh: täç ýa-da jyga nädip döredi?

14-10-2022 / 22

Täç dakmak gadymdan häzirki günümize çenli güýji, meşhurlygy, beýikligi şol bir wagtyň özünde-de halklaryň, milletleriň simwollaryny hem aňladyp gelipdir.

Täç, adatça, monarhiýanyň karollygyň ýa-da hökümetiň iň ýokary derejeli nyşany bolmak bilen, ol iň gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir. Taryhy maglumatlara görä, Neolit we Antik döwürlerde uruglara bölünip ýaşan ata-babalarymyz hem her urugyň içinden belli bir adamlary saýlap olara özleriniň täjini geýdiripdirler. Ilki-ilkiler täç ýasalanda guşlaryň ýelegini, haýwanlaryň şahyny peýdalanypdyrlar.

Dünýäniň iň gadymy täji 1961-nji ýylda izrailly arheologlar tarapyndan tapylyp, ol b.e öňki 4500-nji ýyllara degişli bolup, täjiň beýikligi 17-18 santimetr bolupdyr.

Müsürlilerde faraonlaryň täji 3 dürli bolup olaryň hersi bir manyny aňladýar eken.

Gadymy indeýlerde bolsa täçler guşlaryň ýeleklerinden ýasalypdyr. Olaryň ýerleşdirilişi, ýelekleriň beýikligi tire taýpalary tapawutlandyrmak üçin peýdalanylypdyr.

Beýik Osman imperiýasynyň Patyşasy Soltan Süleýmanyň 4 gatly täji bolsa, taryhda in uly täç hasaplanýar.

Taryhda täji dakýan patyşalar, hanlar, imperatorlar täç dakylanda bedeni dik tutmany, täji gaçyrman dakmany, dogry ýöremäni, rahatlygy, dogry hereketleri görkezmegi hem başarmaly bolupdyrlar.

Orungül ŞANAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu