Pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýär. Munuň şeýledigini Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Şu gün — 14-nji oktýabrda 14-nji oktýabrda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde festiwalyň ýapylyş dabarasy geçiriler.
Döredijilik forumynyň geçirilýän ýeri bolan Lebap welaýatynyň çäginde türkmen halkynyň gadymy taryhyna we medeniýetine şaýatlyk edýän dürli döwürlere degişli 200-den gowrak binagärlik ýadygärligi ýerleşýär. Ady belli gadymy ilatly ýerleriň we iri söwda şäherleriniň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri ýönekeý öý önümçiliginiň çäginden has alyslara çykýan türkmen senetçiliginiň taryhyň jümmüşine uzap gidýän däpleriniň bardygyny ýüze çykardy. Senetçilik önümleri, şol sanda ajaýyp türkmen halylary, şaý-sepleri, küýzegärlik önümleri halkara bazarlarda uly islegden peýdalanyp, Türkmenistandan daşary ýurtlara äkidilipdir, şeýlelikde, adamzat medeniýetine saldamly goşant goşupdyr.
Festiwala gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar üçin Türkmenabadyň häzirki zaman binagärligi hem gyzyklydyr. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Ruhyýet köşgüniň we “Bagt köşgüniň”, Halkara howa menziliniň, Lebap welaýat baş metjidiniň, 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilen döwründe açylyp, milli we halkara ähmiýetli iri çäreler üçin niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binalary onuň ajaýyp nusgalarydyr.
Halkara festiwalda döwürleriň, ruhy mirasyň, özboluşly däpleriň dowamatlylygynyň hakyky arabaglanyşygy ýüze çykarýar, olaryň aýawly saklamak bilen birlikde, halk senetçileri tarapyndan ösdürmek medeni hyzmatdaşlygyň möhüm wezipesidir.
Göwher MOWLÝAMOWA,
TMÝG-niñ Döwletli etrap Geňeşiniñ bölüm müdiri.