Günorta Koreýa respublikasynda ýerasty barlaghana (labaratoriýa) döredildi. Bu barada Koreýanyň Ylym we Maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary ministrligi habar berdi.
Täze döredilen bu barlaghananyň esasy maksady garaňkylykda materiýalary öwrenmekdir. Ýerasty barlaghana 1 kilometr ýeriň çuňlugynda ýerleşýär. Ol Koreýanyň Kanwonda çäginde ýerleşip, oňa «Emi Lab» diýlip at berlipdir. Onuň tutýan meýdany 3000 inedördül metre barabar bolup, bu barlaghana häzirki wagtda dünýädäki iň çuň ýerasty barlaghana hasaplanýar. Barlaghananyň ýeriň aşagynda ýerleşdirilmeginiň sebäbi bolsa garaňkylykda we ümsümlikde öwrenilmeli fiziki hadysalar üçin niýetlenmegindedir.
Aziza AHMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.