Gadym döwürlerde adamlaryň köpüsi diňe «bir» we «iki» sanlardan peýdalanypdyrlar. Başga sanlary bolsa, mysal üçin, 3-i «iki-bir», 4-i «iki-iki», 5-lik sany «iki-iki-bir», 6-lyk sany bolsa, «iki-iki-iki» diýip ulanypdyrlar. 6-dan ýokardaky sanlary bolsa ýönekeýje edip, diňe «köp» diýipdirler.
Ata-babalarymyz algyny, bergini mallaryň sanyny ýatda saklamak üçin, olary taýajyklarda kertip belläpdirler. «Şadyýan oglanlar» («Japbaklar») kinofilminde Kelek baýyň japbaklardaky algysyny taýajyga kertik edip bellemegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Ýazuw ýüze çykandan soň, sanlary ýörite belgiler arkaly ýazyp başlapdyrlar. Halklaryň köpüsi munuň üçin sanyň adynyň birinji harpyny peýdalanypdyrlar. Eger biz şeýle eden bolsak, onda otuzy «o», «ýüzi» «ý», «müňi» «m» harpy bilen bellärdik.
Gadymy rimliler zatlary barmaklary bilen sanar ekenler. Zatlaryň sanyny görkezmek üçin olar elleriniň barmaklaryny görkezer ekenler. Zatlaryň sany bäş bolsa, bir elini (açylgy aýany), 10 bolsa iki elini (iki açylgy aýany) görkezipdirler. Haýsy-da bolsa, bir sany şekillendirmek üçin rimliler özlerine näçe gerek bolsa, şonça barmagyň ýa-da eliň şekilini çeker ekenler. 5-i şekillendirmek üçin ýaýraň başam barmagy we süýem barmagy şekillendirýän iki çyzygyň suratyny çekipdirler: «V». 10-y bolsa «VV» ýaly şekillendiripdirler. Soňra ony «X» ýaly şekilde, ýagny ýokarlygyna we aşaklygyna tutulan barmaklar şekilinde ýazyp başlapdyrlar. 100-i centum (ýüz) sözüniň birinji «C» harpy, 1000-i bolsa, milli (müň) sözüniň birinji «M» harpy bilen belgiläpdirler. 50-ni belgilemek üçin «C» harpynyň ýarysyny (ýüzüň ýarysyny) alypdyrlar, ol bolsa «L» belgi bolupdyr. 500-i «D» harpy bilen belgiläpdirler. Şeýlelikde, sanlary ýazmak üçin aşakdaky ýedi belgi saýlanylyp alnypdyr:
«I» (1), «V» (5), «X» (10), «L» (50), «C» (100), «D» (500), «M» (1000).
Eger «I», «X» we «C» sanlar özünden uly sanyň yzyndan ýazylan bolsa, onda ony şol sana goşmaly. Eger öňünden ýazylan bolsa, aýyrmaly. Mysal üçin, «CX» ýazgy 110-y, «XC» ýazgy bolsa 90-y aňladýar.
Rim san belgileriniň arasynda noly aňladýan san belgi ýok. Rim san belgileri häzirki wagtda hem peýdalanylýar. Mysal üçin, sagadyň ýüzünde wagty görkezmek, kitabyň baplaryny, asyrlary aňlatmak üçin rim san belgileri peýdalanylýar.
Ylýas ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň talyby.