Mahal-mahal gursagymyzda ýaşaýşymyzy has-da gowulyga tarap özgertmek islegleri köreýär. Munuň üçin meýilnamalar düzýäris, arzuwlar edýäris, öňümizde maksat goýup, öz-özümize birgiden söz berýäris. Ine, deregiňize ýarar diýen umyt bilen, hünärmenleriň: «Ykbalyňyzyň oň bolmagyny üpjün edýär» diýip tassyklaýan 10 maslahatyny size hödürleýäris:
1. Ýakynlaryňyz bilen has köp wagt geçiriň. Sebäbi öz söýgüli ynsanlaryňyz bilen geçirilen her bir pursadyň belli bahasy ýok. Ömür baky däl, şoňa görä, özüňiz üçin iň wajyp zatlar barada pikir ediň.
2. Dynç almagy öwreniň. Goý, ol wagtyňyzyň ujypsyz bölegini eýelesin, ýöne hakyky manysyndaky dynç alyş bolsun. Ýokary hilli dynç alyş sagdyn pikirlenmegiň çeşmesidir. Bu hakykaty hiç wagt unutmaň!
3. Ownujak zatlar bilen şatlanyň. Ýollaryň gyrasyndaky owadan güller, çagajygyňyzyň ýylgyryşy, hatda apelsiniňdir almanyň ysy hem sizi şatlandyrmak üçin ýeterlik. Esasy zat, siziň muňa göz ýetirmegiňiz gerek. Bular rahatlanmagyň iň amatly hem elýeterli usulydyr. Töweregiňize syn salsaňyz şeýle şatlyklaryň juda köpdügini görersiňiz.
4. Gündelik meýilnama düzüň. Wagt işlerimizi tertiplemegimize ýardam edýän serişdedir. Onuň her pursady hasaply bolan ýagdaýynda köp zatlary gazanyp bileris. Aýdylyşy ýaly: «Wagt nagtdyr».
5. Sport bilen meşgullanyň. Beýle diýildigi, gyssagly sport merkezlerine gatnaň diýildigi däl. Siz ony juda ýönekeý işlerden başlaň, mysal üçin, her günki pyýada ädimleriňizi artdyryň, wagt tapdygyňyzdan ýeňiljek maşklary ediň. Haçanda, hereketiň saglygyňyza edýän oňyn täsirine göz ýetireniňizden soň, sport älemine has içgin aralaşmak höwesiňiz hem artsa gerek.
6. Özüňizde ýagşy endikleri kemala getiriň. Munuň üçin, kiçijek ýagşylyklardan başlamagy ýatdan çykarmaň. Hiç kim bir pursatda üýtgäp bilmez. Aýdyşlaryna görä, endik 21 günüň içinde kemala gelýär. Bary-ýogy üç hepdejik gaýrat ediň. Şondan soň ol hereketleriňiz size o diýen kyn düşmez.
7. Bary-ýogy bir maksadyňyz bolsun. Tejribeleriň tassyklamagyna görä, maksatlar köpeldigiçe olaryň başa barmak mümkinçiligi şonça azalýar. Şonuň üçin, takyk kesgitlenen ýeke-täk maksat tutunyň we ony amala aşyrmak üçin anyk meýilnamalary kesgitläň.
8. Ýagşylygy ýaýyň. Kiçijigem bolsa, her gün başga kişiler üçin haýsydyr bir haýyrly işi etmäge çalşyň. Hoşamaýlygyň we jomartlygyň özümize-de, özgelere-de uly täsiri bardyr. Iň bärkijesi siziň ýürekden çykan ýekeje ýylgyryşyňyz garşyňyzdaky ynsany hoş edip biler.
9. Özüňize nusga ediniň. Isleýän hüý-häsiýetiňizi özünde jemleýän ynsany tapyň we oňa meňzemäge dyrjaşyň. Olaryň durmuşa garaýyşlaryny, ýaşaýyş usullaryny öz ykbalyňyza ornaşdyrjak boluň. Şonda siz maksadyňyza barýan ýoly has-da ýeňilleşdirersiňiz.
10. Wakalara gowy tarapyndan garaň! Ruhubelent boluň! Sussupeslik, ilki bilen, özüňize zyýandyr. Eger işleriňiz pikir edişiňiz ýaly gitmeýän bolsa, edip boljak beýleki zatlar barada oýlanyň we olary durmuşa geçirmegiň tärlerini agtaryň. Akyldaryň aýdyşy ýaly: «Garaňkylyga gaharlanmagyň deregine yşygy ýakyň».
Taýýarlan: Gurbangeldi MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň talyby.