Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda tassyklan möhüm hukuk resminamalarynyň birisi halkara ylalaşyklarynyň arasynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýan Ozon gatlaklaryny goramak baradaky Wena konwensiýasydyr we Ozon gatlaklaryny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasydyr. Dünýä möçberinde ozon gatlagyny goramak örän derwaýys wezipe bolup durýar.
Ozon gatlaklaryny dargadyjy maddalary ulanmaklygy dolandyrmak, Ozon gatlagyna edilýän ýaramaz täsiriň öňüni almak baradaky möhüm halkara hukuk ýörelgeleri we kadalary Türkmenistanyň «Tebigaty goramak hakyndaky», «Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakyndaky», «Atmosfera howasyny goramak hakyndaky» Kanunlarynda ornaşdyryldy. Häzirki wagtda bu halkara hukuk ýörelgeleri şol kanunlarda kesgitlenilen düzgünler arkaly berkidilip, kadaly ýöredilýär.
«Ozon» grek sözüdir, ol «ysly» diýen manyny berýär. Ozon ýiti ysly, gögümtil gazdyr, ol himiki jisim bolan kislorodyň daşky täsirleriň netijesinde üýtgän görnüşidir. Ozon gazy stratosferada Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen kislorodyň üýtgemeginiň netijesinde emele gelýär. Stratosfera bolsa atmosferanyň, ýagny, ýeriň howa gatlagynyň Ýeriň üstünden 10 — 55 kilometr çemesi beýiklikde ýerleşýän gatlagydyr. Ozonyň esasy galyň gatlagy atmosferada ýerden 10 kilometrden 50 kilometre çenli aralykda ýerleşýär. Bu gatlak ozonosfera diýlip atlandyrylýar. Ozon gatlagy ýaşaýşyň ähli görnüşlerini Günüň gysga tolkunly ultramelewşe radiasiýasyndan goraýar. Ozon gatlagyna senagatda ulanylýan düzüminde hlor jisimi bolan hladon (freon) gazyny köp ulanylmagy hem howp salyp bilýär. Ol ozon gatlagynyň ýukalmagyna getirýär. Häzirki wagtda ozon gatlagynyň zeper ýeten ýeri Antraktidanyň asmanynda ýerleşýär. Dünýä ýurtlarynyň ençemesi, şol sanda Türkmenistan hem ozon gatlagynyň berkemegine täsir edýän netijeli işleri durmuşa geçirýär.
Biziň ýurdumyzda «Freon-11» gazyny ulanmak 1994-nji ýylda gadagan edildi. Şeýle hem ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň we düzüminde şol maddalar bar bolan enjamlaryň öndürilmegine ýol berilmeýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän çäreler hem ozonyň esasy daýanjy bolan kislorodyň köpelmegini üpjün edýär. Dünýä möçberinde ozon gatlagyny goramak örän derwaýys wezipe bolup durýar.
Şagylyç BERDIÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.