12-nji oktýabrda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular.
Milli metbugatda habar berlişi ýaly, döwrebap demir ýol köprüsiniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250, eňňitleri 750 we 562 metre deňdir. Köpriniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen, demir ýol gurluşygynda ulanylýan gurluşyk önümleri hem-de ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy.
Aýsenem HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.