Sanly ulgam, onuň san ýetmez mümkinçilikleri hakyndaky söhbetiň soňuna çykma ýok. Ol gürrüň, edil, sanly dünýäniň özi ýaly giň, şonuň ýaly-da gyzykly.
Ýurdumyzda sanly ulgama geçmek babatda giň gerimde alnyp barylýan işler hakynda pikir öwreniňde bolsa, gürrüňiň ýumagy çözlene-çözlene, ýene-de sanly dünýä hakyndaky söhbete tarap ýumlugyberýär. Sanly ulgam diýlende, ilki bilen adam durmuşyny, zähmetini ýeňilleşdirýän, şol bir wagtyň özünde hem işiň-amalyň netijeliligini hem-de hilini artdyrýan ulgam hakydaňda janlanýar. Dogrudan hem, toplumlaýyn sanly ulgama geçilmeginden ilkinji maksat hem şundan ybarat dälmi eýsem? Sanly dünýäniň açary, asyl, şu dälmi näme? Durmuşy aňsatlaşdyrmak, ösüşlere bat bermek!
Başyna barlan her bir işiň aňrybaş dereje ýerine ýetirilmegi üçin bolsa ilki bilen iş mümkinçilikleri, iş şertleri zerur. Iş hem ýeňil, hem netijeli ýerine ýetirilmeli. Sanly ulgam – bu babatda iň ýakyn hem-de iň dogry çözgüt. Sanly ulgamyň ösmegi bilen dünýä ylmy, gör, nirelere ýetdi! Dünýä ykdysadyýeti, dünýä bilimi, dünýä senagaty sanly ulgama aýak diräp, asyrlyk ädimleri ätdiler. Diýmek, sanly ulgama geçmek dünýä bilen aýakdaş gitmegiň hem baş şertine öwrülýär. Bir düwmede giden işleri dolandyryp, gözegçilik edip bolýar. Ähli zat eliň aýasynda. Esasy zat, şol aýanyň hemişe açyk bolmagy üçin bu ulgama toplumlaýyn geçilmegi zerur. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy babatdaky işler hem şundan söz açýar. Şulardan çen tutsaň, sanly ulgama geçmek babatda durmuşa geçirilen hem-de häzirki wagtda dowam etdirilýän işler uzak hem-de ýagty geljegi nazarlaýar.
Myrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň talyby.