Dünýä halklarynyň senetçilik we amaly-haşam sungaty ýurdumyzyň gündogar sebitiniň merkezi şäherinde duşuşýar, şu gün – 12-nji oktýabrda Türkmenabatda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala badalga berler.
Milli metbugatymyzda habar berlişi ýaly, festiwala gatnaşmak üçin düýn ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Eýrandan, Gazagystandan, Latwiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden we Özbegistandan milli senetçiligiň görnükli wekilleri Türkmenabat şäherine geldiler.
Şu gün şäherdäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda halkara festiwalyň açylyş dabarasy bolar. Hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň ganatly sözlerine beslenjek dabarada görnükli medeniýet we sungat ussatlary çykyş ederler.
Üç günläp dowam etjek festiwal dostlukly halklaryň milli mirasynyň özboluşly duşuşygyna öwrüler. Festiwalyň esasy meýilnamasyndan daşary, myhmanlar üçin gezelençlerdir beýleki medeni çäreler hem meýilleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik çärelerini, halkara sergi-ýarmarkalaryny, forumlary geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Bu çäreler medeniýetleriň we halklaryň özara gatnaşyklary üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Nobatdaky halkara festiwal hem medeni-ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary üçin täsirli meýdança bolup durýar.
Rahym ATAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň talyby.