Şu gün – 11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi öz işine başlady. Ol türkmen paýtagtyny «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde guraldy.
Şu günki forum we halkara sergi pudagara derejedäki, şeýle-de türkmen telekeçileriniň, döredijilik ussatlarynyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döreder. Hususan-da, «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrar.
«TürkmenGazet».