Oba hojalyk ylmyna içgin girişmedik islendik adam bir düýp agaç bir ýa-da iki görnüşli miwe berip bilýär diýen pikirde. Şuňa esaslanyp, bir agaç 40 sany tapawutly miwe berip bilýär diýsek, elbetde köpiňiz ynanmasaňyz gerek.
Dogry, bu ynanyp boljak zat däl ýaly bolup görünýär. Emma bu hakykat. Bu işiň hötdesinden gelip bilen adam Syrakuse uniwersitetiniň professory Wan Aken.
Professor 2008-nji ýylda Nýu-Ýorkda satuwa çykarylan bagy alýar. Bu ýerdäki ýitip barýan miweleriň görnüşlerine, azyndan 150-200 ýaşyndaky agaçlara ideg edip başlan Wan Aken özünde bar bolan bilimini özleşdirip, täze görnüşli miweleri ýetişdirmegiň hem gözlegine çykýar. Olaryň içinde iň haýran galdyryjysy bolsa gürrüňini edýän 40 görnüşli miwe berýän agajymyzdyr. Bu agajy ýetişdirmek üçin ol 250 sany miwäniň çigidiniň üstünde işläp, olaryň her biriniň gülleýän wagtlaryny yzygiderlikde ýerleşdirip, ylmy taýdan köp zähmet siňdirýär. Laýyk 5 ýyldan soň ol 40 görnüşli miwe agajyny ýetişdirmegi başarýar. Häzirki wagtda bu agaçdan dünýä boýunça diňe 16 sanysy bolup, iki ýyldan bir gezek çyrpylýar.
Daşyndan göräýmäge ol ýylboýy adaty agaç ýaly görünýär. Emma ýaz aýlarynda bu agaç siziň dünýäňize elwan hem-de gyrmyzy reňkiň 50 öwüşgini bilen gözellik çaýýar. Tomsuň ahyrynda bolsa 40 görnüşli şänikli miwe hasylyny berip, gören-eşidenleri haýran galdyrýar. Häzirki wagtda bu agaçlar muzeýlerde, köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde, ýöriteleşdirilen sungat merkezlerinde gyzyklanma bildirýänlere görkezilýär.
Şatlyk AGAMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň talyby.