Habarlar

Nobel baýragynyň täze eýeleri mälim edildi

10-10-2022 / 10

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda himiýa boýunça Nobel baýragyna klik we bioortogonall himiýany işläp düzendikleri üçin Karolin Bertossi, Morten Meldal we Barri Şarpless dagylar mynasyp boldular. Geçen ýyl bolsa bu baýraga germaniýaly himik Benjamin List hem-de amerikaly himik Dawid gazanypdy.

6-njy oktýabrda bolsa Nobeliň edebiýat baýragyna ýazan eserlerinde batyrgaý pikirleri beýan edenligi üçin 1940-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda doglan «Renaudot» baýragynyň eýesi, fransuz zenan ýazyjysy Anni Erno mynasyp boldy

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri hem mälim edildi. Bu baýraga belarussiýaly aktiwist Ales Belýaski, Russiýanyň we Ukrainanyň adam hukuklary guramalary bolan «Memorial» hem-de «Center for Civil Liberties» mynasyp görüldi. Nobel komitetiniň beýanatynda baýragyň Belýaski bilen birlikde iki gurama berlendigi mälim edildi. 2021-nji ýylda bolsa bu baýraga Filipinli žurnalist Mariýa Ressa we Russiýaly žurnalist Dmitriý Muratow mynasyp bolupdy.

10-njy oktýabrda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi hem yglan ediler.

Ýakup MÄMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu