Siziň üçin...Slider

Nobel dowam edýär

09-10-2022 / 10

Dünýäde iň uly abraýly baýraklaryň biri Nobel  baýragy hakynda eşitmedigimiz az bolsa gerek. Bu baýrak her ýylda fizika, himiýa, ykdysadyýet, lukmançylyk we fiziologiýa  ylymlaryndaky açyşlara, şeýle hem dünýäde parahatçylygy berkitmäge, edebiýatyň ösüşine aýratyn goşant goşanlara berilýär.

Baýragyň adyndan hem belli bolşy ýaly, onuň esaslandyryjysy şwesiýaly inžener-himik Alfred Bernhard Nobel. Ol 1833-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde inženerleriň maşgalasynda dünýä inýär. 335 sany oýlap tapyşy, dokuz ýaşynda öz ene dili we rus dilinden başga-da iňlis, fransuz, nemes hem-de italýan dillerini birkemsiz bilmegi Alfred Nobeliň köpgyraňly  zehinli adam bolandygyny görkezýär. Onuň köpgyraňly zehini bolsa, gazanan ähli baýlygyny dünýä ylymynyň ösmegine bagyş etmäge getirendir diýip aýtmaga doly mümkinçilik berýär. Alfred Bernhard Nobeliň wesýetnamasyna laýyklykda fizika, himiýa we ykdysadyýet boýunça – Stokgolmdaky Patyşa Ylymlar akademiýasyna, lukmançylyk we fiziologiýa ylymlary boýunça Stokgolm şäherindäki Patyşa lukmançylyk-hirurgiýa institutyna, edebiýat boýunça Şwesiýanyň akademiýasyna, parahatçylygy berkitmek boýunça işler üçin baýrak Norwegiýanyň parlamenti tarapyndan gowşurylýar. Nobel baýraklarynyň dabaraly ýagdaýdaky gowşuryş çäresi her ýylyň 10-njy dekabrynda Stokgolmda we Oslo şäherinde geçirilýär.

Häzirki wagtda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabaralary dowam edýär. Ýakynda bolsa onuň edebiýat ugry boýunça ýeňijisi mälim edildi.

Edebiýat boýunça Nobele fransuz ýazyjysy Anni Erno mynasyp boldy.

Şemşat GALANDAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu