Siziň üçin...Slider

Galaktikanyň öçmejek ýyldyzy

Meşhur adamlaryň durmuşyndan

09-10-2022 / 17

Çarlz  Çaplini diňe bir kino ýyldyzy diýip atlandyrmak bolmaz. Ol  älemiň – galaktikanyň  hem  öçmejek  ýyldyzlarynyň  biri.

Çapliniň kino düşýän döwürlerinde filmler diňe ak – gara  reňkde  görkezilenligi sebäpli, adamlar onuň gözüniň reňki goňur diýip pikir edipdirler. Aslynda bolsa, Çarlz  Çapliniň gözi gök  reňkli eken.

Meşhur  kino  ýyldyzynyň gyzy Geraldine Çaplin “Çaplin” atly kinoda Çarlzyň ejesiniň keşbini ýerine ýetirýär.

Biz  Çarlz  Çaplini  sessiz  kinolaryň  ussady  hökmünde  tanasak  hem, onuň  ilkinji  sylagy  sirk oýunlaryny örän ugurtapyjylykly we başarnykly  ýerine  ýetirenligi üçin berilýär.

1930-njy  ýylda  sesli  kinolar  döräp  başlasa-da, Çarlz  Çaplin  sessiz  kinolary  düşürmegini dowam  edipdir  we  şolaryň  üsti  bilen  hem  meşhurlyk gazanypdyr.

Taýýarlan: Jumadurdy MÄMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu