SliderŽurnalistiň sahypasy

9-njy oktýabr – Bütindünýä poçta güni

08-10-2022 / 5

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 9-njy oktýabrynda «Bütindünýä poçta güni» bellenilip geçilýär. Bu sene öz gözbaşyny 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Bütindünýä poçta bileleşiginiň XVI kongresinden alyp gaýdýar. Ilkinji  «Bütindünýä poçta güni» 1970-nji ýylda bellenilipdir. BMG tarapyndan bu baýramçylyk boýunça taýýarlanan beýanatda poçtanyň ygtybarly, arzan hem-de ýerini dolduryp bolmajak aragatnaşyk serişdesi bolup durýandygy mälim edildi.

Bütindünýä poçta gününiň bellenilmegi 1874-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Şweýsariýanyň Bern şäherinde Bütindünýä poçta bileleşigi döredilmegi bilen hem baglanyşyklydyr. Hut şu taryhy senäni hatyralamak maksady bilen bolsa «Bütindünýä poçta güni» bellenilýär.

Poçtanyň taryhyna ser salsak, gadymy döwürlerde-de adamlar biri-birine hat ugradyp bilipdirler. Ýöne bu habarlar ýörite habarçylar tarapyndan pyýada  ýa-da at bilen iberilipdir. Käbir ýerlerde bolsa, kepderiler eldekileşdirilip, şolaryň üsti bilen hat ugradylypdyr. Häzirki döwürde Ýer ýüzünde internet we täze nesil ykjam aragatnaşyk enjamlarynyň giňden ýaýramagyna garamazdan, adamlar hatlary, posylkalary, pul geçirimleri ýene-de poçtadan ibermegi has amatly hasaplaýarlar. Poçtanyň işgärleri dünýäde barmasy kyn ýerlere çenli baryp, müşderisiniň islegini kanagatlandyrýar. Köp ýerlerde poçta bölümleri ýerli ýaşaýjylaryň özboluşly jemgyýetçilik merkezi bolup hyzmat edýär. Poçta işgärleriniň esasy wezipesi müşderiniň ýagdaýyna düşünmek, onuň islegini göz öňünde tutup, şony kanagatlandyrmagyň mümkinçiliklerini gözlemekden ybaratdyr. Poçta ulgamy häzirki zamanyň şertleri bilen aýakdaş gitmek üçin tagalla edýär we özüniň wezipe borçlarynyň gerimini giňeldýär. Soňky ýyllarda şol wezipeleriň hataryna elektron söwda hem goşuldy.

«Bütindünýä poçta gününiň»  esasy  maksady poçta pudagynyň – adamlaryň we bileleşikleriň, ýagny kompaniýalaryň gündelik durmuşynda tutýan ornuny we ýurduň sosial-ykdysady ösüşine goşýan goşandyny ösdürmekden ybaratdyr. Dünýäde 5,3 milliondan gowrak işgäri bolan takmynan, 650 müň poçta bölümi bar. Bu bolsa poçta bölüminiň  hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge giň mümkinçilik döredýär. Her ýyl dünýäniň 150-den gowrak döwletinde  Bütindünýä poçta güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Käbir ýurtlarda bu gün umumy dynç güni hasaplanylýar. Emma käbir poçta bölümleri bu pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä poçta gününde iň görnükli işgärleri üçin baýrak gowşurylyş dabaralaryny hem geçirýärler. Poçta bölümlerinde, merkezlerde we muzeýlerde  bu güne bagyşlanyp açyk gapylar güni,   maslahatlar, hünär okuwlary  şeýle hem medeni, sport we beýleki dynç alyş çärelerini geçirýärler. Şeýle çäreleriň geçirilmegi poçtanyň adamzat jemgyýetinde ähmiýetiniň has-da  ýokarlanmagyna itergi berýär.

Bütindünýä poçta gününde öz ýakynlaryňyza hat ýazmagy unutmaň!

Oraz NURLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu