Düýn — 7-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýaş alymlar geňeşiniň guramagynda we talyp ýaşlaryň, myhmanlaryň gatnaşmagynda konserwatoriýanyň muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Çalsana bagşy» atly bäsleşiginiň ýeňijileri bilen döredijilik duşuşygy boldy.
Döredijilik duşuşygyna bäsleşigiň ýeňijileri, konserwatoriýanyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Myrat Aşyrow, Halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Täzegül Atajanowa we Halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ogulnabat Berdiýewa dagylar gatnaşdylar. Duşuşykda myhmanlar özleriniň şol bäsleşikde çalan aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler. Ýagny Myrat Aşyrow «Mukamlar başy» atly türkmen halk sazy, Täzegül Atajanowa «Ýylgaýlar» atly aýdymy, Ogulnabat Berdiýewa «Döwletýar gyrk» sazy ýerine ýetirdiler. Duşuşykda myhmanlara dabara gatnaşyjylar we talyp ýaşlar tarapyndan birnäçe täsirli sowallar berildi.
Bulardan başga-da, döredijilik duşuşygynda aýratyn bir waka boldy. Ýagny, Halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jumageldi Alyýew 14-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Mekan köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygy hakynda gürrüň berdi. Bu ýakymly pursatlarda galan ýatlamalaryny myhmanlar bilen paýlaşdy.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýet we sungat ulgamynyň dünýä çykmagy babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny aýdyp, geljekde hem şeýle bäsleşiklere ýaş zehinlerimiziň gatnaşmaklaryny we baýrakly orunlary eýelemeklerini arzuw etdiler.
Kuwwat ÝOWBASAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazşynaslyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.