Şu ýylyň 11–15-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly dabaraly Halkara festiwaly geçiriler.
Dünýä halklarynyň milli mirasyny şöhlelendirjek, diňe bir medeniýetleriň däl, halklaryň hem ýakynlaşmagyny, şonuň bilen birlikde umumadamzat medeniýetiniň bitewileşmegine ýardam etjek bu festiwala Eyran, Latwiýa, Rumyniýa, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlerden wekiller gatnaşarlar.
Bu Halkara festiwalyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan meşhur senetkärler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary gatnaşarlar. Festiwalyň dowamynda oňa gatnaşyjy döwletleriň halklaryna degişli milli mirasyny açyp görkezýän sergi ýaýbaňlandyrylar, mukaddes däplerimizi, özboluşly mirasymyzy açyp görkezýän türkmen filmine tomaşa ediler, senetkärlik, amaly-haşam ugurlary boýunça döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary hem-de ylmy-amaly maslahat geçiriler. Halklaryň dost-doganlygynyň, ruhy dünýäsiniň has-da ýakynlaşmagyny üpjün etjek bu Halkara festiwalyna taýýarlyk işleri dowam etdirilýär.
Mergen GARÝAGDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.