Siziň üçin...Slider

Pandalar näme üçin ak we gara reňkde?

07-10-2022 / 17

Süýdemdiriji haýwanlaryň aglabasynyň tüýleriniň reňkleri biri–birinden tapawutlydyr. Muňa garamazdan, pandalaryň aýratyn hem aýaklarynyň, elleriniň, gözüniň töwer­ekleriniň we gulaklarynyň garamtyl reňk­de bolmagy başga süýdemdirijilerde duş gelmeýän halatdyr. Bu barada Kaliforniýa we Kaliforniýa welaýat uniwersitetiniň bilelikdäki “Behavioral Ecology” žurnalynda çap edilen ylmy işinde aýdylýar. Bu ylmy işe görä, pandalaryň bedeniniň aglaba böleginiň ak reňkde bolmagy garly ýerlerde, aýaklarynyň we elleriniň gara reňkde bolmagy bolsa tokaýlyklarda gizlenmegine ýardam berýär.

Synçylar pandalaryň gulak­laryndaky we ýüzlerindäki goýy reňkleriň gizlenmek üçin däl-de, eýsem aragatnaşyk saklamak üçin ýaraýandygyny nygtaýarlar. Goýy reňkli gulaklaryň panda­lary ýyrtyjy haýwana meňzedýändigi, ýü­zlerindäki gara reňkleriň biri-birini tanama­ga ýardam berýändigi anyklandy. Pandalar başga haýwanlara seredilende hemme ösümliklerden iýmitlenmän, köplenç “bambuk” ösümliginden iýmitlenýär. Ýeterlik derejede iýmitlenmedikleri üçin, aýylar ýaly gyş ukysynda özlerine gerekli ýagy jemläp bilmeýärler. Munuň üçin olar garly daglardan, tropiki tokaýlara aşmaly bolýarlar.

Tylla GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu