Şu gün 6-njy oktýabrda türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligine, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül çemenini goýdy.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň palatalarynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýdular. Olara ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem goşuldylar.