Güýz paslynyň esasy aýratynlygy diýilse, ýagyşly günler göz öňümize gelýär.
Ýagyş ýagmagy üçin, ilki bilen, çyglylyk atmosferada bir zadyň töweregine ýygnanyp, bulutlary emele getirmeli. Adatça, ýagşyň damjalary ownuk tozan bölejikleriniň töwereginde jemlenýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Uaýnsberg şäherinde ýüz ýyldan gowrak wagt bäri ýagyş ýagmandyr.
Iň uly ýagyş damjalarynyň ölçegi 6-7 millimetrden uly bolmaýar.
Köp haýwanlar ýagyşly günleri halamaýarlar.
Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alnan iň uzak ýagan ýagyş, takmynan, 247 gün dowam edipdir. Bu waka Gawaý adasynda 1993-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 1994-nji ýylyň 30-njy apreli aralykda bolupdyr.
Birleşen Arap Emirliklerinde, Abu-Dabide ýagşy emeli usulda ýagdyrmak üçin dünýäde ýeke-täk üstünlikli synag geçirildi. Emma ýagyş ýagdyrmak üçin tapylan bu tehnologiýa gurak ýerlerde ulanmak üçin gaty gymmat düşüpdir.
Atakama çölüniň käbir sebitlerinde 400 ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili ýagyş ýagmandyr.
Dünýädäki iň güýçli ýagyş 1970-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Gwadelupada, ýagny Karib deňzinde hasaba alyndy.
Dünýädäki iň ýagyşly ýurt hökmünde Kolumbiýany hasaplap bolar.
Aslynda, ýagşyň ysy ýokdur. Biziň alýan ysymyz ýagyş suwuny getirýän sianobakteriýalardan emele gelýär.
Älemgoşara ýagyş damjalaryndan geçýän Gün şöhleleriniň döwülmegi arkaly syn edýäris.
Biz saýawan bilen ýagyşdan goranýarys. Aslynda, saýawanlar Günden goranmak üçin oýlanyp tapylypdyr.
Ýewropanyň iň ýagyşly şäheri Belgiýadyr, ol şeýle-de Ýewropanyň çygly ýurtlarynyň biridir.
Iki şäherçe «Dünýäniň iň ýagyşly şäheri» diýen at ugrunda bäsleşýär. Olaryň biri Hindistandaky Çerapunji şäheri, beýlekisi bolsa Kolumbiýanyň Buenawentura şäheridir.
Bägül ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.