2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda bu ýokary okuw mekdebiniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen döredilen ÝUNESKO-nyň «Dünýä medeniýeti» klubunyň açylyş dabarasy geçirildi.
Bu açylyş dabara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
ÝUNESKO-nyň «Dünýä medeniýeti» kluby öz işinde halkara derejede medeni diplomatiýanyň ilerlemegini, bu ugurda umumy okuwlary, açyk sapaklary, ylmy maslahatlary, bäsleşikleri, sergileri guramaklygy maksat edinýär. Şeýle-de bu klub mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň ylmy gözleglerini we döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek babatda hem uly işleri alyp barar.
Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.