Ýurdumyzda her ýyl bellenilip geçilýän Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül çemenli baryp, Watan gahrymanlarymyzyň belent ruhunyň öňünde tagzym etmek, indi arzyly hem asylly däbe öwrüldi.
Gözel paýtagtymyzyň «Baky şöhrat», «Milletiň ogullary», «Ruhy tagzym» ýadygärlikleriniň bir ýere jemlenen bu täsin künjegine zyýarat edeniňde, özüni Watana bolan beýik söýginiň sallançagynda ýaly duyýarsyň. Bu ahwal pederlerimizden miras galan mukaddeslikleri ezizlemek babatda duýgularymyzy barha joşdurýar, watanperwerligimiz, şu günki nesilleriň parahat, abadan, bolelin ýaşaýşynyň binýadyny berkarar eden şöhratly pederlerimiziň ruhlaryna ygrarlylygymyz has-da belende göterilýär.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky Aşgabat ýertitremesinde wepat bolan watandaşlarymyzyň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlik «Ruhy tagzym» diýlip atlandyrylýar. Ençeme ynsanlaryň ömür daragtyny guradan ýertitremä şaýat bolanlaryň gürrüňine görä, ol gije asman aşak inip, ýer çöwrülene dönüpdir. Aşgabadyň we golaý-goltumyndaky obalaryň we şäherleriň ençemesi ýere ýazylypdyr. Megerem, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy dünýäde iň gazaply söweşleriň biri hökmünde hakydalara ýazylandyr. Aldym-berdimli söweşlere türkmen ýigitleriniň hem ençemesi gatnaşyp, gahrymançylyk görkezdiler. Uruş ýitgisiz bolmaýar. Güneşli Diýarymyzda önüp-ösen, kalby mähirli türkmen ýigitleriniň, gör, näçesi uzak Ýewropanyň gar basan tokaýlarynda baky uka gitdilerkä?! Olaryň merdana ata-babalary hem türkmen topragyny daşary ýurt basybalyjylardan goramak ugrundaky şeýle gazaply söweşleriň ençemesine gatnaşypdylar. Gaýduwsyz türkmen gerçekleriniň hatyrasyna dikeldilen «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri hem öten-geçenlere gynanyp, perýat çekýäne çalymdaş. Ýadygärlikleriň her biri tagzyma baranlara keramatly topragymyzyň ýüz-müňlerçe şehitlerini ýatladyp, asuda, parahat döwrüň gadyr-gymmatyny bilmegi sargaýan ýaly…
Sapaly ALLABERDIÝEW,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň başlygy.