Ähli zadyň öňe barýan döwründe duran ýeriňde durmaklyk eýýäm yza galmaklygyň alamaty. Maglumatlar jemgyýeti her bir adamdan özi bilen deň derejede gadam urmagy talap edýär. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin wakalaryň jümmüşinde gaýnamaly.
Adam aňy hem döwür ýaly ösüşe ymtylýar, elmydama täzelige teşne. Bu proses ir ertirden başlanýar: Birimiz ertirligiň ýanyndan hökman gazetleriň täze sanyny gözden geçirmek bilen huruş edinýäs. Täzeje gazetiň ysy… Megerem, ol köpler üçin täze günüň nyşany, täze güne badalgadyr.
Birimiz işe gidiş ugrumyza radioda habarlary diňlemegi, gör, näçe ýyl bäri endik edinipdiris?! Ýene birimiz telewizoryň dolandyryjy enjamyny nädip ele alanymyzy duýman galýas. Telewizor görjek, täzelikler bilen tanyşjak, garaz, «eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýleni.
Käbirimiz bolsa dünýäniň täzeliklerini, täsinliklerini internet sahypalaryndan okanymyzy kem göremizok. Internet ulgamynyň üsti bilen dünýäniň Magrypdan Maşryga çenlisini bil-de otur!
Görnüşi ýaly, žurnalistika hemme zady öwredýärem, öwrenýärem. Žurnalistika — döwrüň aýnasy.
Mahym ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.