«Mugallymyň iň ýokary sungaty döredijilikli aňlatmagyň we bilim almagyň şatlygyny oýarmak ukybydyr»
Albert Eýnşteýn.
1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji oktýabrynda dünýäde ýüzden gowrak ýurt Bütindünýä mugallymlar gününi giňden belleýär. Bu senäni bellemegiň maksady jemgyýetde mugallymlaryň uly orun eýeleýänligine üns çekmekden hem-de olaryň ähli derejelerde ýokary hilli bilim bermekdäki ornuny we ähmiýetini has-da äşgär etmekden ybarat bolup durýar. Bütindünýä mugallymlar güni öz gözbaşyny 1966-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Parižde geçirilen mugallymlaryň ýagdaýy boýunça ýörite hökümetara konferensiýadan alyp gaýdýar. Şol maslahatda ÝUNESKO-nyň we Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri tarapyndan mugallymlaryň ýagdaýy baradaky Teklibe gol çekildi.
Mugallymçylyk kyn we asylly hünärdir. Bu kär döredijilikli we gyzykly hünärdir. Mugallymlaryň biziň durmuşymyzda aýratyn orunlary bardyr. Olaryň bize berýän bilimdir maslahatlary jemgyýetde dogry ýoly saýlap almakda kömek edýär.
Orta mugallym düşündirýär. Gowy mugallym düşündirýär. Görnükli mugallym görkezýär. Beýik mugallym ylham berýär.
Gowy mugallym şem ýalydyr. Başgalaryna ýagtylyk bermek üçin özüni paýlaýar.
Gowy mugallym bolmak üçin öwredýäniňi söýmeli we öwredýänleriňizi söýmeli. Bu gün mugallymlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirmek, hoşniýetli, adalatly we adamkärçilikli bolmagy ündeýän ilkinji halypalary ýatlamak üçin ajaýyp senedir!
Arzygül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.