Mälim bolşy ýaly, her ýyl oktýabr aýynyň başynda Nobel hepdeliginiň çäklerinde fiziologiýa, lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat, şeýle hem Şwesiýanyň Döwlet bankynyň ykdysadyýet baýragy boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edilýär.
2022-nji ýylyň Nobel baýragynyň ýeňijilerini 3-10-njy oktýabr aralygynda yglan ediler. Şeýle-de, Nobel gaznasy dekabr aýynda Stokgolmda geçiriljek Nobel hepdeligine şu ýylyň ýeňijileri bilen bir hatarda 2020-nji hem-de 2021-nji ýylyň laureatlaryny hem çagyrmak barada karara geldi.
Düýn, 3-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda nobatdaky Nobel hepdeligi başlady. Onuň ilkinji gününde Nobeliň fiziologiýa we lukmançylyk boýunça baýragynyň eýeleri mälim edildi. Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça 2022-nji ýylyň Nobel baýragy şwesiýaly biolog we ewolýusiýa boýunça genetik Swante Paabo ýok bolup giden gominidleriň genomlary we adamyň ewolýusiýasy baradaky açyşlary üçin berildi. Swante Paabo ilkinji gözlegleriniň netijesinde düýbünden täze ylmy ugur – paleogenomikany esaslandyrdy.
Geçen ýyl fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragyny amerikan alymlary Dewid Juliusa we Ardem Pataputýana temperaturanyň we basyşyň reseptorlaryny ýüze çykarandyklary üçin berlipdi.
Baýrak, Nobeliň aradan çykan güni bolan 10-njy dekabrda gowşurylar. Her nominasiýa boýunça Nobel baýragynyň pulunyň mukdary 10 million kron bolup, ol häzirki walýuta hümmetinde takmynan 900 müň dollara deňdir.
Selbi BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.