SliderSport

Ekstrim sportlar (X-Sports)

04-10-2022 / 17

Häzirki zaman tehnologiýanyň tagallasy esasynda, ekstrim sportlaryň (X-Sports) köp görnüşleri döredi. Kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen biz fiziki başarnygymyzy has-da ösdürip bilýäris. Ýörite ýyrtylmaýan ýa-da döwülmeýän materiallar bizi howply ýagdaýlarda goraýarlar. Ýöne her näme bolsa-da, biz beýiklige ýa-da tizlige garşy durup bilmän gorkymyza ýeňilýäris. Emma gorka ýol bermän sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan adamlar unudylmajak pursatlary başdan geçirip bilerler.

Zorbing (Zorb Sferasy)

Zorb – bu diametri 3 metr bolan çişirilýän sferadyr (şardyr). Onuň içinde ýüzlerçe neýlon taýajyklary bilen daşky sfera birikdirilen şar bolup, ol adamyň içine girmegi üçin niýetlenen. Zorbanawtlar (zorbyň içindäki adamlar) beýiklikden togalanyp gaýdanlarynda deňagramlygy ýitirmezler ýaly ýüp bilen bedenleri berk daňylýar.

Tigirli batbörek

Uly batbörekleriň kä halatlarda uly adamlary hem howa galdyryp bilýär. Sürüjiniň aýaklary tigirçege daňylýar. Tizlik we öwrüm diňe batböregi dolandyrşyňa we gapdala agram berşiňe bagly bolup durýar.

Banjidan Böküş

Banji – lateks rezin bolup, ol reziniň berk, süýnme derejesi uly bolan, iň berk rezindir. Banjidan böküji aýagyny köprüden asylan lateks rezine daňyp dik aşaklygyna bökýär. Haçan-da banji süýnende ol edil pula oralýan reziniň inçelik derejesine çenli ýetip, böküjini yzyna çekýär. Haçan-da böküşiň tizligi iň soňky derejesine ýetende, ol bir az salym saklanyp, täzeden aşak-ýokaryk birnäçe gezek ýygrylyp ýazylýar.

Köçe Lugasy

Beýiklikden pese düşýän ýerde sürülip, 115km/s tizlige çenli ýetýän skeýtbordyň (tigirli tagtaň) görnüşine köçe lugasy diýilýär. Lugany ýatan ýeriňde bir gapdala agram berip öwrüp bolýar. Luganyň tizligini peseldip biljek şemalyň garşylygy adamynyň aerodinamiki duruşyna bagly bolup durýar.

Super aýaklar

Super aýaklar adama 3m beýiklige çenli bökmäge we 30km/s tizlige çenli ylgamaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa ylham beren itergi kengurularyň aýaklary bolup durýar. Çünki Super aýaklar hem adama özüniň aýna süýmli pružiniň kömegi bilen kengurular ýaly ylgamaga ýa-da bökmäge mümkinçilik berýär.

Güljan TÖREKULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu