Habarlar

GDA ýurtlarynyň KHBS wekilleriniň maslahaty geçiriler

03-10-2022 / 22

Russiýa döwlet federal habarlar agentligi TASS, şu ýylyň oktýabr aýynda GDA ýurtlaryndan foto habarçylary, noýabrda bolsa žurnalistler üçin maslahat geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu barada GDA agza döwletleriň edaralarynyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň Minskide geçirilen mejlisine esaslanyp, «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

2023-nji ýyl hem GDA ýurtlarynyň Döwlet habarlar agentlikleriniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri hem-de foto habarçylary üçin 2 gezek okuw türgenleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşi hereket edýär. 2004-nji ýylda habarlary alyşmagyň derejesini we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Milli habarlar agentlikleriniň assosiasiýasyny döretmek barada Ylalaşyk kabul edilipdi.

Şu ýyl Milli habarlar Geňeşi Arkalaşygyň çäklerinde geçirlýän möňüm çäreleri beýan etmäge işjeň gatnaşýar. Mejlisde Geňeşiň toplan iş tejribesiniň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigi, onuň işiniň bolsa GDA gatnaşyjy ýurtlaryň medeni ulgamda, Arkalaşyk üçin anyk we umumy ähmiýetli netijeleri gazanmaga ýardam etjek täze görnüşleri we usullary gözlemekde geljekki özara gatnaşyklaryna gönükdirilendigi bellenildi.

Selbi GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu