Kitaplary çap-neşir etmek işi döwre görä, dürli usulda amala aşyrylypdyr. Irki orta asyrlarda Merkezi Aziýa sebitlerinde golýazma kitaplary döretmek we bezemek sungaty döräp ugraýar. Arap ýazuwyna esaslanýan golýazma däpleriniň esasynda kitap döretmek sungatynyň peýda bolmagy bilen dürli kesp-kärler hem peýda bolýar. Muňa kagyz öndürijiler, hatdatlar, nakgaşlar, sahaplaýjylar, sahypalary tikijiler mysal bolup biler.
Hatdatlyk — owadan ýazuw senedi bolup, hatdatlar kitap göçürmek we binalaryň diwarlarynyň, gümmeziniň iç ýüzüne, girelgesiniň depesine ýazylýan ýazgylary-kitabalary döretmek bilen meşgullanypdyrlar. Bu sungat ýazuwyň peýda bolmagy bilen döreýär. Esasan hem, arap ýazuwynyň giň ýaýramagy bilen rowaçlanýar. Gündogarda, şeýle hem Orta Aziýada kitaplar basma usulynda çap edilip başlanýança, golýazma-kitaplary taýýarlamak, olaryň nusgalaryny köpeltmek bilen hatdatlar meşgullanypdyrlar.
Hatdatlar köşklerde, käbir emeldarlaryň huzurynda topar bolup işläpdirler. Kitaphanalarda 40 — 50-ä golaý hatdat golýazma kitaplary taýýarlamak, zaýalananlaryny bejermek bilen meşgullanypdyrlar. Hatdatlyk senedi hakyndaky taryhy çeşmelerde, esasan, onlarça ýazuw usullarynyň bolandygy hakynda aýdylýar: nash, kufi, muhakkak, nastalyk, süls, talyk, diwany, rika, rikiý.
Orta Aziýada arap ýazuwyndan öň hem dürli ýazuw usullary bolupdyr. Olara mas, sogdy, orhon-ýeniseý, gadymy türk ýa-da oguz ýazuwlary mysal bolup biler. Kufi ýazuwynyň nusgalary gadymy gurluşyk we binagärlik ýadygärlikleriniň bezeginde saklanyp galypdyr. XV asyrdan soň kitap göçürmeklikde nastalyk usuly ulanylyp başlanýar. Kitap senedinden başga-da, binalaryň kitabalarynda, gubur daşlarynda hem hatdatlyk sungatynyň alamatlary duýulýar.
Kätip — arap dilinde «ýazyjy» diýen manyny berýän bu söz «mürze», «hatdat» sözleri bilen manydaş bolup, ol wezipeli adamyň hat-petek, hasap-hesip işlerini ýöredýän adamdyr. Taryhy eserlerde, esasan hem, Ýazyjy ogly Alynyň «Seljuk türkmenleriniň taryhy» atly kitabynda kätipleriň ýerine ýetirýän wezipeleri hakynda giňişleýin beýan edilýär. Kitapda diwanhana, kazyhana, wezirlik kätipleriniň bolandygy hakynda aýdylýar.
Mürze — ýazuw-çyzuw işleri bilen meşgullanýan wezipeli adam. Bu at bilen baglanyşykly peýda bolan wezipeleriň biri hem mürzebaşydyr. Ol XVII asyrda Aziýa döwletlerinde peýda bolan hanlyklarda guşbegiden soňky ikinji derejeli wezipe bolupdyr. Mürzeleriň işleýän ýerine mürzehana diýlipdir.
Gülälek JEPBAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby.