Görýän filmiňizdäki haýbatly ulagyň ýokary tizlikde kowalaşyp barýan wagtynda haçan-da ol çylşyrymly öwrümden geçende, ulagyň tekerleri sürtülip, çykýan reziniň ysy burnuňyza urýar we oturan oturgyjyň hem ekrandaky ulagyň öwrülen tarapyna gyşarýar diýip göz öňüne getirip görüň. Ýa-da filmiň gahrymanynyň uçardan böken wagtynda güýçli ýeliň saçyňyzy şemalladýanyny we ýüzüňize deňiz suwunyň syçraýanyny pikir edip görüň.
Ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen 4D kinoteatrlary sizi tomaşa edýän kinofilmiňiziň gahrymanlarynyň birine öwürer. 3D tehnologiýasynda esasy täsinlik sahna aktýorynyň şekilini saýgaryp bolýar. “Dört ölçegli” görnüşinde bolsa dürli fiziki effektleri meňzetmek üçin hereket, şemal, ýagyş hatda ys effektleri hem bolup, olar ekrandaky bolup geçýän pursatlar bilen sazlaşykly işleýärler. Şunuň ýaly aýratyn kinoteatrlar 1980-nji ýyllarda ýüze çykyp başlapdy.
Häzirki döwürde bolsa ajaýyp täsinlikleri özünde jemleýän dört ölçegli kinofilmler ähli kinoteatrlarda ýygy-ýygydan tomaşaçylara hödürlenýär. 4D tehnologiýasynyň täsinliklerini 5D we 6D tehnologiýalary bilen dowam edilmegine garaşylýar.
Ýusupbaý ERMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.