Göwün küýsegi

Düzümine görä baha ber

29-09-2022 / 21

Nýu-Ýork şäheriniň köçelerinde şar satýan adam nädip mähelläni üýşürmegiň usulyny bilýärdi. Satuwa başlamanka, ol ak şary geliý gazy bilen doldurdy, ýüplüje şar asmana tarap howada ýüzdi.

Ol ilki bilen gyzyl şary çişirdi, soňra bolsa sarysyny. Çagalar harydy satyn almak üçin satyjynyň daşyny gurşap aldylar. Kiçijek garaýagyz oglanjyk şarlara seredip durdy-da, ahyrynda şeýle sorag berdi:“Jenap, eger siz gara şary çişiren bolsaňyz, olam ýokary galardymy?”

Ol adam egildi-de, oglanjygyň gözlerine garap şeýle diýdi: “Elbetde. Şaryň ýokary galmagyna onuň reňki däl-de, onuň içindäki zat sebäp bolýandyr.”                                              

Taýýarlan: Aşyrmät ANNAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

2 Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu