SliderTehnologiýa

3D printerden äpet binalara

Döwür we tehnologiýa

29-09-2022 / 17

Çazza tehnologiýalary atly gurluşyk edarasy Dubaýda üç ölçegli printeriň köme­gi bilen beýik binalary gurjakdygyny mälim etdi. Dünýäde bu gurluşyk işine ilkinji sapar synanyşyk edilýär.

Eger-de şuňa meňzeş gur­luşyklara bolan talaplaryň sany artsa, bu teh­nologiýanyň arzanlajakdygy hem-de adamlar tarapyndan has tiz kabul ediljekdigi çaklanylýar. Çazza gurluşyk edarasynyň müdiri Chris Kelsey ilkinji nobatda bu täze tehnologiýany kiçi binalarda ulanmagy meýilleşdirýändiklerini aýdyp geçdi. Kelsey, özüne 3 ölçegli printer teh­nologiýasy bilen baglanyşykly soraglar soralan wagtynda, bir eýýäm bu taslamanyň üstünde iş alyp barýandyklaryny aýdyp geçdi.

Häzirki wagtda bu guramanyň 3 ölçegli printer teh­nologiýasy, örän çylşyrymly desgalary hem çaltlyk bilen ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu ul­gamyň kömegi bilen uly binalaryň ähli bölekler­ini 3 ölçegli görnüşde kompýuterdan çykarmak mümkin. Bu proýektiň özünde kranlaryň özara birleşen ulgamy bardyr. Äpet binalaryň 3 ölçegli görnüşde çykaryp bolmaýan böleklerini, adam eli bilen ýasalmagy göz öňünde tutulýar. Bu gurama bina ediljek binalaryň uzynlygy we bu gurluşyga haçan başlanjagy barada maglumat bermedi.

Çazza 3 ölçegli printerde äpet binalary gurjak bolýan ilkinji gurluşyk edarasy bolsa-da, emma bu tehnologiýany ulanan ilkinji gurama däldir, çünki bu tehnologiýany kiçi binalarda ulanan birnäçe gurluşyk edaralary bar.

Akmyrat SAPAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu