Siziň üçin...Slider

Ekzklýuziw: täze öwrenilen maglumatlar

29-09-2022 / 17

ÖSÜMLIKLERI MINA AGTARYJY ENJAM HÖKMÜNDE ULANYP BOLAR

Massaçuset tehnologik institutynyň alymlary adaty ysmanak ösümligini ýerasty minalary anyklap bilýän enjama öwürýän ýoly tapdylar. Uglerod nanoturbajygy (uglerodyň uzyn we gaty inçe silindri) ösümligiň ýapragynyň içine ýerleşdirmek arkaly toprakda azotaromizatorlaryň bar ýa-da ýokdugyny kesgitläp bolýar. Bu birleşme köplenç minadyr partlaýyjy enjamlaryň düzüminde bolup, “mina agtaryjy ysmanak” ýer astyndaky howply maddalara golaýlanda uglerod nanoturbajyklary ýagtylýar.

SES TOLKUNLARY SUNAMILERI SAKLAP BILÝÄR

Sunamileri kenara urulmazdan öň güýçli ses tolkunlary bilen dargadyp (yzyna serpikdirip) bolýar. Akustiki dartyş tolkunlary (ADT) ýer titremesi ýaly geologik hadysalaryň bolýan wagtynda tebigy usulda ýüze çykýar. Teoretiki taýdan seredenimizde sunami tolkunlaryň boýuny, tizligini we güýjüni azaltmak üçin ADT-a ugradyp bolýar. ADT ýaýradyjy enjamy dine bir ýasamak kyn bolman, bu gorag enjam ulanylanda töwerege zeper ýetirip biler.

DRONLAR GÜLLERI TOZANLANDYRYP BILER

Arylaryň gün-günden azalýandygy sebäpli alymlar gülleri emeli usulda tozanlandyrmak üçin kiçi dronlary ulanmagy göz öňünde tutýarlar. GPS we “emeli aň” tehnologiýalary oturdylan özbaşdak işleýän dronlaryň daşy atyň saçy we gel bilen örtülen. Ol bir gulden başgasyna uçup gül tozgasyny ýaýratýar. Emele usulda geçirilen tozanlandyrma usuly oňyn netijeler berdi.

Taýýarlan: Humaý ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu