SliderTehnologiýa

Geljegiň muzeýi

27-09-2022 / 11

Muzeý diýlende, ilkinji nobatda, ählimiziň aklymyza geçmiş gelýär. Emma Birleşen Arap Emirlikleri bizi hemişe özüniň ajaýyplyklary we täsinlikleri bilen geň galdyrmagyny dowam edýär. Olar bu gezek Dubaý şäherinde gelejegiň muzeýini döretdiler. Bu barada degişli internet çeşmesinde habar berildi.

Bu muzeý 7 gatdan ybarat bolup, ol hiç hili diregsizligi, poslamaýan polat materialdan döredilendigi bilen tapawutlanýar. Onuň daşky bezegi arap kalligrafiýasy bilen bezelendir. Bu arhitektura gözelliginde ylym-bilim merkezleri ýerleşip, geljekde ýetilmeli sepgitler dürli-dürli bölümlerde görkezilýär. Bu muzeýe «gelejegiň gözi» diýlip hem atlandyrylýar. Bu muzeý bilimi, ylymy, tehnologiýany, ekologiýany bir ýere jemlän deňi taýy bolmadyk muzeýleriň biridir. Dubaýyň gelejegi gaznasynyň müdiri bu muzeý barada şeýle diýdi: «Ähli zat wagtyň geçmegi bilen könelýär we gadymylaşýar. Biz beýleki muzeýlerden tapawutlylykda, gelejegi görkezýän muzeý döretmegi makul bildik. Ylym-tehnologiýa elmydama ösüşde we biz onuň yzyndan ýetmeli bolýarys. Goý, bu gezek ylym-bilim biziň tehnologiýamyzyň yzyndan ýetsin ýa-da ýetmäge çalyşsyn. Biz uzakdaky geljegi hakykatdan hem gözüň bilen görüp, duýup boljak  şekilde görkezmäge çalyşdyk.

Bu muzeýiň her gaty aýratyn bir mowzuk boýunça döredilen bolup, onuň biri hem 2071-nji ýyl diýlip atlandyrylýar. 2071-nji ýylda BAE-niň döredilenine 100 ýyl bolýar we muzeýiň bir ekspozisiýasy şoňa bagyşlanandyr».

Rejep JORAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu