
Ajaýyp durmuşymyzyň gözelligine gözellik goşýan, şeýle hem her ynsana ruhy lezzet berýän tebigatymyzyň döreden ajaýyplyklarynyň biri-de al-elwan öwüsýän, biri-birinden owadan güllerdir. Olar diňe bir daş-töweregimizi bezemän, eýsem-de ýaşaýan otaglarymyzda hem ajaýyp görnüş döredýär.
Otag gülleriniň arasynda gadymdan bäri dürli yrymlar, ynançlar arkaly özüne bolan uly gyzyklanma döredip, meşhurluga eýe bolan häzirki döwürde ençeme gymmatly güllerimiz bar. Olardan bambuk agajyny mysal getireliň. Bambuk agajy gadymyýetde Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda mukaddes hasaplanypdyr. Şol sebäpli adamlar bambuk agajynyň bölegini dakynyp gezipdirler. Şeýle hem ondan dürli mukaddes zatlary ýasapdyrlar. Sebäbi bambuk agajyny “Bagtyň agajy” diýip hasaplapdyrlar. Aslynda, bambuk agajynyň ylmy taýdan atlandyrylyşy Drasena Sandera, emma onuň ylmy ady tutulman, beýleki ülkelerde “Hindigamyşy” hem diýilipdir.
Ýeri gelende aýtsak, Fen-Şuý pelsepesine görä, bambuk agajy ony ösdürýän adama hem-de ideg edilýän öýüne şowlulyk we abadançylyk getirip bagta eltermiş.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Kerim ANNAGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



