25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalaryň — «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi.
«KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berildi. «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça Mary welaýatynda “Askan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatynda bolsa “Awtotrans” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan merkezleriň her günde 10 ulaga çenli hyzmat etmegi göz öňünde tutulypdyr.
Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Bu toplumlaryň köp bölegi ätiýaçlyk şaýlarynyň ammaryna niýetlenendir. Ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi şaýlary gysga wagtda çalyşmaga mümkinçilik berer.
«TürkmenGazet».