Ýokary okuw jaýyndaky professorlaryň biri eline kiçi bolmadyk bir guty bilen derse girýär. Hiç zat düşündirmän, gutudan bir gap çykaryp stoluň üstünde goýýar, soňra gaby gutudan çykaran tennis toplary bilen doldurýar. Yzyndan talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplaryň ählisi gabyň dolandygyny aýdýarlar. Professor gutudan çagyl daşlaryny çykaryp, eli bilen gaba guýmaga başlaýar we çagyl daşlary gaýyp tennis toplaryň arasyndaky boşluklary doldurýar. Professor ýene-de talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplar hem: “Hawa, doldy” diýip, jogap berýärler. Professor bu gezek gutudan gum çykarýar we gumy ýuwaşlyk bilen gaba guýýar. Mundan soňra çagyl daşlarynyň arasyndaky boşluklary gum bilen doldurýar we gaýtadan talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplar bolsa hemmesi birlikde: “Hawa doldy, ind-ä doldy” diýip, jogap berýärler. Bu gezek professor gutudan iki bulgur çaý alýar we gaba guýýar. Bulgurdaky çaŷ hem gumlaryň arasyndaky boşluklary doldurýar.
Biraz soňra professor: “Bu gaby siziň durmuşyňyzy häsiýetlendirýändigini düşündirmek üçin görkezdim. Bu ýerde tennis toplary durmuşyňyzdaky zerur zatlaryňyz: maşgalaňyz, çagalaryňyz, saglygyňyz, dostlaryňyz we siz üçin zerur bolan ähli beŷleki zatlaryñyzdyr. Başgalaryny ýitirseňiz-de bu zerur zatlar hemişe siziñ ŷanyñyzda galar we durmuşyňyzy dolduryp durar. Çagyl daşlary bolsa zerurlygy az bolan galan zatlaryňyz: işiňiz, öýüňiz, awtoulagyňyz we şuňa meňzeş beýleki zatlaryňyzdyr. Gum bolsa bu siziň öz-özüňize guran hyýaly, kän bir möhüm bolmadyk dertleriňiz, ownuk zatlardyr. Emma gaby ilki gum bilen dolduran bolsaňyz, çagyl daşlaryna we aýratynda tennis toplaryna ýer galmazdy. Bu getiren mysalym siziň durmuşyňyzda-da öz ornuny tapýar. Wagtyňyzy we güýjüňizi ownuk-uşak zatlara sarp etseňiz, esasy özüňiz üçin zerur bolan zatlara wagt galmaz. Özüňizi bagtly edip biljek zatlara tarap ünsüňizi çekiň” diýýär.
Talyplaryň biri: “Ýoldaş mugallym, mümkinmi? Onda iň soňunda guýulan iki bulgur çaŷ näme manyny berýär?” diýip, sorady.
Professor ýylgyryp: “Sizden bu soraga garaşýardym. Iň soňunda guýulan iki bulgur çaŷ, bu durmuşyňyzda işiňiz näçe kyn bolsa-da, muňa garamazdan ýakynlaryňyz we dostlaryňyz bilen çaý içip, bilelikde wagt geçirmäge pursat bardygyny aňladýar” diýýär.
Taýýarlan: Selbi GARAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
ajaýyp