Biz bu sorag boýunça birnäçe maslahatlary siziň üçin taýýarladyk.
Eger “Wi-Fi” haýal işlese:
- Ilki bilen, hemmä mälim bolan usul, “Wi-Fi” routeriňizi öçürip, täzeden ýakyp görüň (перезагрузка).
- Siziň “Wi-Fi” internetiňizi sizden başga kimiň ulanýandygyny anyklaň. Köp adamyň ulanýan bolmagy ahmal. Netijede, internet haýal işläp biler. Ulanyjylaryň sanyny “Wi-Fi” routeriň sazlamalar sahypasynda görmek bolar.
- “Wi-Fi” internetiňiziň tizligini barlap görüň. Tizlik hakykatdan hem pesmi ýa-da dälmi anyklamagyňyz maksada laýyk bolar.
- “Wi-Fi” routeriňiziň sazlamalaryny gözden geçirip görüň. Esasan hem tizlik we tor bilen bagly sazlamalaryna göz aýlaň.
- Internete girýän enjamyňyzdaky (kompýuter, telefon, planşet we ş.m.) artykmaç programmalary wagtlaýyn öçürip görüň. Meselem, açyk duran awtomatiki usulda täzelenýän programmalar (автообновления).
- Kompýuter ýa-da telefonyňyzyň wagtlaýyn ýadyny (RAM) arassalap görüň. Käte wagtlaýyn ýat dolan ýagdaýynda ähli programmalar haýal işläp başlaýar.
- Internete girýän web brauzeriňizdäki “cookie”-leri, ýagny web brauzeriň wagtlaýyn ýadynda galýan öňki giren ýerleriňiz, alan faýllaryňyz barada maglumatlary arassalap (pozup) görüň.
- Internete girýän web brauzerleriňizi üýtgedip görüň. Käbir web brauzerler örän haýal işleýär, käbirleri bolsa internetiň tizligine görä optimizirlenen görnüşde işleýär.
- “Wi-Fi” routeriňize ISP-den gelýän kabeliň talaba laýyk işjeňligini (“Ethernet”, ADSL kabeller) barlap görüň.
- Käbir diwarlary galyň jaýlarda, “Wi-Fi” router, signallaryny ähli otaglara ýetirip bilenok. Şunuň ýaly ýagdaýlarda antennasy köpräk bolan has güýçlüräk router satyn alynmaklyk maslahat berilýär.
- “Wi-Fi” routeriňizi ýerde ýa-da bir zadyň arkasynda goýmaň. Ony ýokarrakda goýmaklyk maslahat berilýär.
- “Wi-Fi” internetiň tizligi barada şol ISP-iň (ISP – “eng. Internet Service Provider”, Internet hyzmatyny beriji edara) müşderisi bolan, ýagny siziň ISP-iňiz bilen bir bolan, şol bir ISP-iň internetini ulanýan dostuňyzdan ýa-da tanşyňyzdan hem sorap görüň. Eger olarda gowy işläp, sizde haýal işleýän bolsa, diýmek bu – siziň içki meseläňiz.
- Iň soňky usul bolsa, ISP operatoryňyza jaň edip görüň. Operator hem size kömek eder we degişli maslahatlary berer.
Arslan KURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 1-nji ýyl talyby.