24-nji sentýabrda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlaryndan okaýan talyplarynyň Türkmenistanyň kanunçylyk esaslary barada bolan düşünjelerini kämilleşdirmäge gönükdirildi. Ýarym final we final tapgyrlary wiktorina görnüşinde geçirildi.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dilnoza Muhadowa 3-nji orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Perman Kyýasow 2-nji orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Medine Sopytaganowa 1-nji orna mynasyp bolup, oňa esasy baýrak bolan 2500 manat hem-de göçme kubok gowşuryldy. Bäsleşigiň hemaýatkäri «Nur ýüpek» haryt nyşanly matalar dükany boldy.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hususy hukugy ugrunyň magistranty.