Ýörite hünär hökmünde döränine, öwrenilip gelýänine bäş-alty asyr aşan bolsa-da, žurnalistikanyň kökleri adamzat jemgyýetiniň dörän döwürleri bilen baglydyr. Birek-birek bilen arabaglanyşykda ýaşan ynsanlar durmuş zerurlygy esasynda aň üsti bilen pikirlenip ugrapdyr, dil ýüze çykypdyr, ilkinji ýöntemje bilimler peýda bolupdyr. Şahsy pikir dil üsti bilen birek-birege ýetirilipdir, düşünşilipdir. Diýmek, esasy daýanjy maglumat bolan žurnalistikanyň ilkinji ädimleri adamzadyň dörän eýýamyndan gaýdýar.
Gadymy hünär bolan žurnalistika ― köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy bu gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda mynasyp ösdürilýär, dowam etdirilýär. Bu ugurdan ýokary okuw mekdeplerinde ýörite hünärmenler taýýarlanylýar.
Žurnalistikada ýeňil ýol-da, aňsat iş-de ýok. Bu hünäre baş goşduňmy, islendik ýumuş tabşyrylanda-da: «Men bu işi başararmykam?» diýip çekinip durmagyň ýerine zehiniňi zähmet bilen taplamaly. Halypalar aýtmyşlaýyn, zehin bilen halypa taýly terezi mysaly.
Dogrudanam, saýlap alan ýoluňda kämillige ýetmek üçin, ilki bilen-ä zehin, kötel ýolda büdremezligiň üçinem halypanyň ak patasy hökmanylykdyr. Diňe şonda maksadyň myrat tapyp, arzyly menzillere ýetmek mümkin.
Ýazgül MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.