Habarlar

Ýurdumyzyň welaýatlarynda Ýolagçy awtomenzilleri açyldy

24-09-2022 / 15

Şu gün — 24-nji sentýabrda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we  Mary welaýatlarynyň merkezinde Ýolagçy awtomenzilleri dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Açylyş dabaralaryna sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ýolagçy awtomenzilleriniň gurluşygy «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Olaryň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 700 ýolagça niýetlenip, olar ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda üznüksiz awtobus, döwlet taksileriniň gatnawlaryny üpjün eder. Ýolagçy awtomenziliniň umumy meýdany 3 gektara barabardyr.

Awtomenzil desgalarynyň açyk awtoduralgalarynyň meýdany 2150 inedördül metre deň bolup, bir wagtyň özünde 100 sany ýeňil awtoulag üçin niýetlenendir. Üsti ýapyk duralgalaryň meýdany bolsa 2100 inedördül metre deň bolup, ol bir wagtyň özünde taksi awtoulaglarynyň 112-si üçin niýetlenendir. Awtobuslaryň hereketine gözegçilik edilişi, petekleriň alnyşy, döwrüň talabyna laýyklykda, sanly ulgam esasynda amala aşyrylýar.

Awtomenzilleriň bezeg aýratynlyklary barada aýratyn bellemek gerek. Olarda häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri milli bezegler bilen utgaşdyrylypdyr. Ýagny awtomenzilleriň desgalarynda her welaýatyň özüne mahsus taryhy ýadygärlikleriň, haly gölleriniň şekilleri, şeýle-de içinden seredeniňde, binalaryň ýokarky böleginde zeýtun baldaklaryna meňzedilen şekiller ýerleşýär.

Ýol baran ýere il barýar! Ýollar didary didara, ýodalary menzillere gowşurýar!

Hurmagül ÝULDAŞEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu