Johann Jacobs Germaniýanyň Bremen şäherinde eneden doguldy. Ejesini hiç haçan görmedi. Ol heniz iki ýaşyndaka bir agyr kesel sebäpli ejesini ýitirdi. Oba okuwyny tamamlanyndan soň durmuşyny dowam etdirmek üçin ABŞ-a göçmek isledi. Emma: “Germaniýada-da gazanç edip bilerin” diýip, 16 ýaşynda lomaý bir söwdagäriň ýanyna kömekçi bolup işe girdi. Jacobs ulalyp täjir bolmak isleýärdi. Şonuň üçin hem ol birnäçe ýyllap dürst we halal işledi. Jacobsyň başlygy onuň kofe görnüşleri saýlamakda we bişirmekde başarjaň ukybynyň bardygyny gördi. Ony 20 ýaşy dolanda lomaý söwda edarasyna iş dolandyryjy edip belledi. Bu ýerde uly üstünlikler görkezip 7 ýyl işlän Jacobsa uly jogapkärçilikli wezipeler hem ynanyldy. 28 ýaşy dolanda birikdiren az mukdardaky puly bilen özüne bir iş gurmak isledi.
Bremende örän üýtgeşik dükan açan Jacobs, satýan harytlary bilen özüne uly üns çekdi. Kakao, çaý, kofe, şokolad, köke, gaýmak ýaly harytlar satýardy. Dükanyň özüne çekijiligi barada hiç-hili şüphe ýokdy, ýöne dükanyň ýerleşýän ýeri kän bir, adamlaryň gatnaýan köpçülik ýollaryndan däldi. Şu sebäpden hem, tas çökmäniň bäri ýany bolupdy. Biraz mukdarda bergi edip, şäheriň merkezinde, esasy köçeleriň birinde täze dükana göçdi. Mundan soňra rahatlyk bilen dem aldy, çünki müşderiler gelmäge başlady. Soňabaka käbir günlerde müşderiler dükanyň öňüni doldurmaga başlady. Şol wagtlar Jacobs mahabatlara uly üns berdi.
30 ýaşyna gelende ýetim bir tikinçi gyza öýlendi. Işleri gowy gidýärdi. Gazanan bütin puluny bir kofe bişirme kärhanasyna geçirdi. Şol wagtlar kofe bişirilende hiç kim kofeniň görnüşine üns bermedigi üçin kofeniň hili pes bolýardy. Jacobs bolsa kofeniň görnüşine görä bişirip taýýarlanda has ýokary hilli haryt orta çykdy. Öýüne eltip berme işini-de ýola goýan Jacobs, kofeniň 11 görnüşi boýunça sargytlar alyp, olary gatnadyjy işgärleriniň kömegi bilen işini has-da ulaltdy.
Işleriniň ugruna gitmesi Jacobsa gujur gaýrat berýärdi. Emma Johann Jacobs Germaniýanyň Bremen şäherinde eneden doguldy. Ejesini hiç haçan görmedi. Ol heniz iki ýaşyndaka bir agyr kesel sebäpli ejesini ýitirdi. Oba okuwyny tamamlanyndan soň durmuşyny dowam etdirmek üçin ABŞ-a göçmek isledi. Emma: “Germaniýada-da gazanç edip bilerin” diýip, 16 ýaşynda lomaý bir söwdagäriň ýanyna kömekçi bolup işe girdi. Jacobs ulalyp täjir bolmak isleýärdi. Şonuň üçin hem ol birnäçe ýyllap dürst we halal işledi. Jacobsyň başlygy onuň kofe görnüşleri saýlamakda we bişirmekde başarjaň ukybynyň bardygyny gördi. Ony 20 ýaşy dolanda lomaý söwda edarasyna iş dolandyryjy edip belledi. Bu ýerde uly üstünlikler görkezip 7 ýyl işlän Jacobsa uly jogapkärçilikli wezipeler hem ynanyldy. 28 ýaşy dolanda birikdiren az mukdardaky puly bilen özüne bir iş gurmak isledi.
Bremende örän üýtgeşik dükan açan Jacobs, satýan harytlary bilen özüne uly üns çekdi. Kakao, çaý, kofe, şokolad, köke, gaýmak ýaly harytlar satýardy. Dükanyň özüne çekijiligi barada hiç hili şüphe ýokdy, ýöne dükanyň ýerleşýän ýeri kän bir, adamlaryň gatnaýan köpçülik ýollaryndan däldi. Şu sebäpden hem, tas çökmäniň bäri ýany bolupdy. Biraz mukdarda bergi edip, şäheriň merkezinde, esasy köçeleriň birinde täze dükana göçdi. Mundan soňra rahatlyk bilen dem aldy, çünki müşderiler gelmäge başlady. Soňabaka käbir günlerde müşderiler dükanyň öňüni doldurmaga başlady. Şol wagtlar Jacobs mahabatlara uly üns berdi.
30 ýaşyna gelende ýetim bir tikinçi gyza öýlendi. Işleri gowy gidýärdi. Gazanan bütin puluny bir kofe bişirme kärhanasyna geçirdi. Şol wagtlar kofe bişirilende hiç kim kofeniň görnüşine üns bermedigi üçin kofeniň hili pes bolýardy. Jacobs bolsa kofeniň görnüşine görä bişirip taýýarlanda has ýokary hilli haryt orta çykdy. Öýüne eltip berme işini-de ýola goýan Jacobs, kofeniň 11 görnüşi boýunça sargytlar alyp, olary gatnadyjy işgärleriniň kömegi bilen işini has-da ulaltdy.
Işleriniň ugruna gitmesi Jacobsa gujur gaýrat berýärdi. Emma gynansak-da, ikinji Jahan urşy başlandy. Bütin işlerini, kofe ammaryny elinden aldylar. Enesiz atasyz ulanyp, näçe kynçylyklardan geçip, çeken zähmeti biderekdi, indi onuň aýalyndan başga hiç zady ýokdy. Aýalynyň maşgalasy hem ýetimdi. Şonuň üçin hem olardan eklenç üçin kömege-de garaşanokdy. Jacobs batdy. Şuňa meňzeş ýagdaýlar birinji Jahan urşy döwründe hem bolupdy. Ýöne ol wagt diňe kofe aksiýalaryny ellerinden alypdylar. Ol tüwi we şeker satyp gününi geçirýärdi.
Ikinji Jahan urşy gutarmagy bilen, aýaly bilen bilelikde Germaniýa giren amerikanlylara birnäçe kilogram kofe gyzdyryp satmaga başlan Jacobs, gysga wagtyň içinde işlerini ýola goýdy. Bir kärhana açdy, kärhananyň ady hem taýýardy: “Jacobs Koffee”.
Ýüzünde “Jacobsyň Kofesi” ýazylgy motosikllary şäheriň köçelerinde gezdiren Jacobs, bir tarapdan hem adamlara gyzgynjak kofe hödürleýärdi. Täzeden janlanan Jacobs, şäheriň daşyndaky sargytlara hem ýetişýärdi. “Jacobsyň ýokary hilli Bremen kofesi” ady(slogany) bilen gutynyň içindäki kofesini başga söwda nokatlaryna hem paýlamaga başlady. Aýaly bilen birlikde näçe çuň batsalarda ýene-de bu ýagdaýdan çykmany başardylar. Jacobs “Koffee Company” şereketini gurmak bilen ulaglaryň kömegi bilen kofesini kiçeňräk daşary ýurtlara hem ugratmaga başlady. Häzirki wagtda “Jacobs Kofesi” dünýäde belli bir marka bolup durýar.
Kofe karoly Johann Jacobs 90 ýaşynda dogulan şäherinde aradan çykdy.
Miwe NURYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.