«Täçmahal» sözi agzalanda, üç sany närse hakydaňa dolýar: Gadymy siwilizasiýa ojaklarynyň biri bolan Hindistan, binagärligiň gaýtalanmajak ajaýyp nusgasy hem-de ak bulut parçasyndanam päk söýgi. Dünýä meşhur Täçmahal aramgähinde şularyň üçüsi-de jemlenendir.
Hawa, giň dünýäde geň täsinlik köp. Täçmahal hem, şolaryň biri. Ol diňe bir hindi musulman medeniýetiniň däl, tutuş dünýä medeniýetiniň göwheri hasaplanýar. Ol Hindistanyň Agra şäherinde ýerleşýär. Ýedi täsinligiň biri bolan Täçmahalyň gurluşynyň beýik taryhy bar.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, Beýik Mogollar döwletiniň mirasdüşer şazadasy Şa Jahan hasaplanylýardy. Ol 10 ýaşynda Arjument Banu begim bilen nikalanýar. Emma oňa bolan söýgüsi biraz soňrak, takygy, 16 ýaşynda has möwjäpdir. Oňa öýlenmek üçinem 5 ýyl garaşypdyr. Şol wagta çenli Şa Jahan yzygiderli gazanýan ýeňişleri bilen ulug abraýa eýe bolmagy başarýar. Ol aýalyny biçak söýýän eken. Köşkde birnäçe gözeller şazadaň emrinde bolsa-da, ol bularyň hiç birisine gyýa göz bilen garamandyr. Arjument Banu begime bolan söýgi Şazadanyň gözüni «kör» edipdir. Bu ajaýyp zenana öýlenenden soň, şazada oňa «Mümtaz Mahal» («Köşgüň saýlantgysy») diýip at berýär. owadanlygy, akyly bilen has tapawutlanýardy. Şa Jahan nirä gitse-de, söýgüli aýalyny ýanynda alyp gidip, onuň pikirlerini diňläp, halaýan zatlaryna üns bererdi.
1630-njy ýylda Şa Jahan aýalyny ýanyna alyp ýörişe gidende, Mümtaz Mahal näsaglaýar we ýolda aradan çykýar. Ol şol wagt 39 ýaşynda eken. Taryhçylaryň bellemegine görä, Şa Jahan aýalynyň ölüminden soň, 8 gün iýmän-içmän gam çekip, otagyndan çykmandyr. 9-njy gün çykan mahaly, saçynyň agaryp, gözleriniň has çökendigini bilipdir. Döwleti dolandyrsa-da, bu işi oňaýly ýerine ýetirip bilmän başlapdyr. Söýgüli aýalynyň bakyýete göç etmezinden öňki islegini ýerine ýetirmek üçin ussalary çagyrýar.
Ussalar saýlanyp-seçilip, Orta Aziýadan, Stambuldan, Bagdatdan getirilýär. «Täçmahal» aramgähiniň gurluşygyna ussa Isa han tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Aramgähiň gurluşygy 1630-njy ýylda başlaýar. Täçmahalyň gurluşygynda günde 20 müňdenem köp ussa işlän eken. Rowaýata görä, gaýdyp şeýle bina gurulmasyn diýlip, ussalaryň elleriniň kesilendigi aýdylýar.
Aramgähiň beýikligi 74 metre barabar bolup, ol sap mermerden gurlupdyr. Bu desganyň gurluşygynda ulanylan mermeriň özboluşly aýratynlygy bolupdyr. Onuň düzümine her hili reňkleriň berilmegi netijesinde, irden onuň diwarlary mämişi reňkde, gündiz ak reňkde, agşam bolsa kümüşsow reňkde öwşün atypdyr. Derýanyň kenary bolany üçin deň agramlygyny saklamak üçin, piller bilen daşlar getirilip, ýerden belli bir möçbere çenli goýup, daşdan dag ýasaýarlar. Dört sany minarasy daşyna egilen bolup, bu güýçli ýer titräýen halatynda, minaralar daşyna ýykylmazlygy üçin eken. Dört tarapyna bolsa, Kurandan ýazgylar ýazylypdyr. Käbir maglumatlarda 20 ýyl diýilse-de, Täçmahal 22 ýylda 1652-nji ýylda gurlup gutarylýar. Oňa «Täç Mahal» ýagny «Köşgüň täji» diýip at berýärler.
Görnüşi ýaly, Täçmahal diňe binagärçiligiň gaýtalanmajak beýik nusgasy bolman, ol päk söýgüniň hem öçmez çyragy. Häzirki wagtda bu aramgäh dünýäde iň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Täçmahal 1983-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Internet maglumatlaryna görä, bu ýere ýylda, takmynan, 3 million syýahatçyny goýnuna alýar. Söýgüniň gudratyndan dörän meşhur binany ýekeje sapar görmek üçin bu ýere uzak-uzak ülkelerden jahankeşdeler gelýärler.
Sözümizi şu hakykat bilen jemlemekçi: Täçmahaly öz gözi bilen görmedik, synlamadyklar: «Wah, ýekeje sapar görsedim!» diýseler, görenlerem: «Şeýle ajaýyplygy ýene görsemdim!» diýip arzuw edýärler. Mundan bir netije gelip çykýar: ony görenlerem armanda, görmediklerem…
Owadan PERDÄÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.