Her bir adamyň üýtgeýän şahsyýeti hem-de ikinji şahsyýeti bardyr.
Hamal – Sabyrsyz:
Gödek häsiýeti bilen meşhur bolan hamallaryň iň uly gowşaklygy sabyrsyzlykdyr. Olarda bar bolan energiýa hiç wagt gijikdirmäge ýol bermeýär. Mysal üçin, uzyn nobatda garaşmazlyk üçin elinden gelenini edýärler. Gitmek isleýän ýerlerine gitmek isleseler, hiç zat olary ýolundan saklap bilmez.
Sowur – Bulaşyk
Sowurlar görýän her bir owadan zadyna eýe bolmak isleýär. Her gowy zadyndan soň, ýene täze bir gowy zat almagy halaýarlar. Gynansagam, bu eşiklerden, esbaplardan doly otagy aňladýar. Olary tertipli saklamak hem sowurlar üçin juda kyn hasaplanýar.
Jöwza – Aladaly:
Hiç kim ekizleriň aragatnaşykda nähili gowydygyny bilenok, ýöne bu olaryň sosial ýagdaýlarda aladalanmaýandygyny aňlatmaýar. Olar mähirli we mylaýym, ýöne karar bermekden gaty aladalanýandyklary hakykat. Aragatnaşykda üstünlik gazanandyklary sebäpli, bu aladalary aňsatlyk bilen gizläp bilerler.
Seretan – Manipulýator:
Köplere wepaly we duýgudaşlyk berip bilýän hem bolsa, seretanlarda manipulýator edip bilijilik tarapy bar. Ynandyryjy we boýnuýogyn bolanlarynda, manipulýasiýa içinden gelýänligi sebäpli, adamlara kömek etmegiň ýerine adamlary dolandyrýandyklaryna-da düşünip bilmezler.
Eset – Ýalta:
Esetleriň sahylygy we mylaýym ganly tebigaty olaryň näderejede ýalta bolýandygyna sebäp bolup biler. Belki-de, olar hemişe ýalta däldir, ýöne bu olaryň iň uly gowşaklygy. Aslyýetinda bu ýaltalyk egoistlige we birkemsizlige esaslanýar.
Akrap – Köne düşünjeli:
Batyr şahsyýetlerinden we hyjuwly çemeleşmelerinden başga-da, akraplar durnuklylygy gowy görýärler. Bu hyjuwly şahsyýetler olary gabanjaň etseler-de, tersini isleýärler. Aldamaklygy halamaýarlar. Olar bulam-bujarlykdan daşda bolan durmuşy gowy görýärler.
Kowus- Dury:
Erkin ruhly kowuslar özüni saklap bilmeýärler. Ýöne olar syýahat etmegi diýseň halaýarlar. Söz saýlamakdan çekinmeýärler, aýdýan sözlerini süzgüçden geçirmegi hökman däl diýip hasaplaýarlar.
Daluw – Düýş görýän:
Daluwlar çuňňur pikirlenişi we habarlylygy bilen meşhurdyrlar. Ýöne käwagt olar bütin gününi düýşde ýaly geçirip bilýärler.
Aýdyn KURÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.