Tebigatyň goralmagy, ekologik abadançylyk — durmuşyň durky, geljegiň binýady. Şonuň üçin ekologiýa meselesi tutuş dünýäde wajyp hasaplanýar. Bu babatda eziz Diýarymyzda amala aşyrylan işler, alnyp barylýan tutumly çäreler, taslamalar juda guwandyryjydyr.
Haçan-da pikiriňi jemläp bilmän, kynçylyk çekeniňde, arassa howadan dem alyp içiňe çekeniňde, nazaryňy aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän göm-gök baglyk meýdana dikeniňde, gulagyňa şirrildäp akýan çeşmäniň mylaýym owazy eşidilende şähdiň açylyp, özüňi ruhuň täzelenen ýaly duýýarsyň we kelläňdäki ähli bulam-bujarlyklar birsydyrgyn ýerine oturyp, täze pikirler emele gelmäge başlaýar. Şol sebäpden hem, ynsan arassa we owadan ýerlerde tebigatyň merkezinde ýaşamak isleýär.
Şeýleräk bir mysal aýtmak isleýärin: irden öýden çykyp işe gitýäris. Bu ýagdaý her adamyň gündelik durmuşynda gaýtalanyp duran zat. Bütin gün aýak üstünde, yzygider hereketde bolup, agşam öýümize ýadaw bir şekilde dolanyp gelýäris. Gapyny açyp içeri girenimizde öýümiz tertiplije, otaglardan gülüň ysy gelip dur. Bütin günki ýadawlygymyz, öýümize gelenimizde uçup gidýär we özümizi jennetde kimin duýarys. Bu duýgy bolsa biziň ýaşaýşa bolan höwesimizi artdyrýar. Emma bu ýagdaýyň tersi hem bolup biler. Haçan-da, işden gaýdyp gelenimizde öýümiziň haly biziň çak edişimizden beter bolanda, onda ýadawlygymyzyň üstüne öňküden hem agyr ýük goşular we hiç zat etmek islemeris. Ruhy taýdan çökgünlik, ýadawlyk, keýpsizlik ertirki günimize hem zeper ýetirip bilýär. Tebigat hem edil biziň öýümizi ýaly işden, aladadan ýadap dynç almak üçin tebigatyň gujagyna girenimizde bizi owadan, agzymyzy açdyryp biljek gözelligiň garşy almagyny isleýäris, ýöne welin öz ellerimiz bilen arzuwlarymyzy puja çykarýarys. Sebäbi tebigatyň owadanlygy biziň ellerimizde. Biz bolsa tebigatdaky bar zatlary hem ondan almak isleýäris. Baglary wagtly-wagtyna suwarmaýarys, galyndy zatlary zyňýarys, suwlary hapalaýarys, howa gerekmejek zyýanlary ýetirýäris. Aslynda, etýän ýalňyş hereketlerimiz özümize gaýdyp gelýär. Suw biz ulanýarys, içýäris, iýjek zatlarymyzy suwuň üsti bilen arassalaýarys. Hapalaýan howamyzdan özümiz dem alýarys. Bedenimizi iýmitlendirýäris. Ýagny näme etsek özümize gaýdyp gelýär.
Uzak ýaşlylyk, keýpiçaglyk, çaga gülküsidir guşlaryň sesi gözel tebigaty, ekologiýa abadançylygyny, ynsan bilen daşky dünýäniň ajaýyp sazlaşygyny alamatlandyrýar. Biziň ata Watanymyz hem ajaýyp tebigat gözelligi, arassa ekologiýasy bilen dünýäni haýrana goýýar.
Kerim ANNAGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.