Mälim bolşy ýaly, taryhda giň Älem sahnasyna çykmagy başaran, mynasyp yz goýan oguzlar — türkmenler uly we kuwwatly döwletleri döretmegiň, ony dolandyrmagyň uly syýasy tejribesini toplapdyrlar. Şoňa görä, Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgy meşhurdyr.
Geçmişiň dürli döwürlerinde Parfiýa imperiýasy, Beýik Seljuk we Köneürgenç türkmen döwletleri ýaly uly-uly şalyklar höküm sürdi, taryhda baky yz galdyrdy. Üçünji müňýyllykda bolsa baky Bitaraplygy bilen kuwwatly, dörediji, gurujy, ylalaşdyryjy merkeze öwrülen ata Watanymyz giň halkara jemgyýetçiligine ählumumy parahatçylygy üpjün etmek babatda hem tutuş dünýä nusgalyk görelde görkezdi, parahatçylyk ýolunyň kämil türkmen nusgasyny döretdi.
Gün dogýar, Ýer ýüzüni şöhlesi bilen ýagtylandyrýar, oňa ýagtylyk nuruny paýlaýar. Dünýä syýasatynda möhüm we aýratyn orun eýeleýän baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan bolsa, bütin dünýä parahatçylyk nuruny paýlaýar. Munuň özi Garaşsyzlygymyzdan soň gazanan iň uly gymmatlygymyz, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzdan gözbaş alýar.
Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy bolup, pederlerden dowam bolan sowulmajak täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary! Eýsem, dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, dünýäde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?!
Gülläp ösýän ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar şatlykly hem bagtly pursatlar bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy bezäp-besleýär. Nesibe baýlygyna gol beren halkymyzyň altyn ykbalyna bagt paýyny eçilen Garaşsyzlygyň hil taýdan täze tapgyrynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan beýik ýeňişler, uly üstünlikler ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar.
Faruh DUSNIÝAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby, Kärdeşler arkalaşygy adyndaky atly talyp hakynyň eýesi.