Tomas Edison 84 ýaşynda dünýäden öteninde, açyşlarynyň sany 1090-a ýetipdi. Görnükli fizik Eýnşteýniň otnositellik teoriýasynyň makalada orun tapanlygy üçin unutmaýarys, emma ol ondan soňra hem 148 makala işläp taýýarlady. Rembrantyň tablissasy 650-den ybaratdy. Pikasso öz yzynda ululy-kiçili 20000-den gowrak eser miras galdyrdy. Bize özüni seçgi teoriýasy bilen tanadan Çarlz Darwin, mundan başga-da 119 ylmy açyşyň aşagyna öz goluny çekdi. Şekspir ilkibaşdaky üstünligi bilen kanagat etmedi, ol ömri boýunça 150 eser ýazmagy başardy. Meşhur kompozitor Mosart 35 ýyllyk ömrüniň dowamynda 600-den gowrak albomy işläp düzdi. Elwis Presleý hem 112 albom çykardy. Aristotel 400, Muhyeddin 500-den köp kitap ýazdy. Tolstoý 300-e golaý kitaby çapa taýýarlady. Balzak 90-dan gowrak roman ýazdy.
Tanalmagyň birnäçe ýoly bar. Tanalmak, meşhur bolmak üçin hökman kitap ýazmak, surat çekmek, bina gurmak gerek däl. Dünýä belli futbol oýunçysy Peläniň 560 oýunda 541 goly hem bir beýik meşhurlykdyr.
Beýik adamlar diňe beýik netijeleri görkezendikleri bilen däl, olaryň beýikligi beýik işlere baş goşandyklary bilen häsiýetlendirilýär.
Leonardo da Winçiniň gündeligi 7000 sahypadan ybaratdy. Üstesine-de, ol başgalar okamasyn diýip, aýna bakdyrylyp okalýan şekilde ýazylypdy. L.N.Tolstoýyň eserleriniň 13-si hakyky öz durmuşyndan jemlenen maglumatlardan ybaratdy.
Başarmak – bu bir päsgelçiligi ýeňip geçmek!
Hangeldi GURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.