Häzirki zaman synp otaglary asyrlarboýy dowam edip gelýän däbe görä gurnalan. Şol däbe görä, mugallymlar häzirki günlerde hem synpyň öňünde durup sapak geçýärler, okuwçylar bolsa, öňde goýlan partalarda oturyp, mugallyma seredip, sapagy diňleýärler. Ak heklere derek markerler ulanylyp başlanylan hem bolsa, bu usul üýtgeşiklige sezewar bolmazdan saklanyp galandyr. Adamzat uly depginde öňe gidip, Aýa baryp gondy, adam genetikasynyň syrlaryny öwrendi, jübüsinde superkompýuterleri götermegi başardy. Emma näme üçindir, bilim bermeklik metodikasyna gezek gelende, entek hem XX asyr usulyýeti dowam etdirilýär?
Hakykatda, sapak geçmekligiň usulyýetinde köp üýtgeşiklik bolman biler, emma tehnologiýa okuwçylaryň öwreniş ukybyny artdyrmagyň usulyny özgertdi. Muňa mysal hökmünde ösen ýurtlaryň köp mekdeplerinde okuwçylara agyr düşýän döwürlerdäki kitaplaryň toplumyny bermän, olara diňe bir iPad ýa-da başga planşet berip, olaryň içine okuw ýylynyň dowamynda gerek bolan kitaplaryny ýükläp berýärler. Şol sebäpli hem indi okuwçylar kitaba bellik etjek bolanlarynda, kitaby zaýalap oturmaýar. Bu işi ýerine ýetirmek üçin elektron kitaplarda gerek bolan islendik belliklerini elektron görnüşde girizip, soňra gerek bolmasa aýryp ýa-da pozup bilýärler.
Elbetde, bu elektron kitaplar öwreniş ukybyny artdyrýan internet sahypalaryny hem özünde jemleýär. Bu elektron sahypalar daşyndan okamaklyk we öwrenmeklik üçin köp maglumatlary özünde saklaýar.
Şol bir sanda okuwçylara online (internetde) testleri geçmeklige-de mümkinçilik berýär. Mugallymlara bolsa bu usul, haýsy okuwçynyň testi ýazandygy, näçe bal gazanandygy, soragyň üstünde näçe wagtlap eglenendigi we ş.m. başga maglumatlary öwrenmäge kömek berýär.
Tehnologiýa ösüşleri mugallymlaryň işleýşini hem üýtgetdi. Mekdep okuwçylary hem gitdigiçe kiçi toparlara bölünip kompýuter tehnologiýasyny özleriniň esasy ýörelgesi edip meseläni çözmekde ýa-da proýektleri döretmekde peýdalanýarlar. Öwrenişiň sredasy hem şoňa görä bolup, mugallymyň ýerine ýetirýän roly hem biraz ýeňilleşýär.
Tehnologiýa gitdigiçe hasam elýeterli bolsa bu hadysa diňe öser. 3D çap ediji ýaly tehnologiýa bolaýsa welin, mugallymlar we okuwçylar gerek bolan materiallary ýa-da görkezme esbaplary sanlyja minutda çap edip bilerler. Öňümizdäki ýyllarda, gerek bolsa, hatda adamynyň hem kelle süňküni az salymda çap edip görkezmeklik örän aňsatlaşar. Cloud (bulut) tehnologiýanyň üsti bilen öý işi tabşyrmaklyk bolsa, okuwçylaryň “Öý işimi öýde galdyrypdyryn”, “Jigim öý işimi oýnap ýyrtypdyr” diýen bahanalaryny düýbünden ýok eder.
Hawa, okatmaklygyň usuly üýtgese, hökmany suratda okalýan sapaklar hem üýtgär. Meselem, häzirki kompýuter erasynda kompýuterler bilen işlemeklik ukybyna uly üns berilýändigi sebäpli köp okuwçylar indi kod ýazmak we döretmegi öwrenýärler.
Baýmyrat NURMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň Fizika we informatika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.